Ermenistanyň Goranmak ministrligi Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň 13-nji fewral güni irden, iki ýurduň serhediniň günorta bölegine atan oklarynyň ermeni esgerleriniň dört sanysyny öldürip, ýene bir esgeri ýaralandygyny aýtdy.
Ministrlik 13-nji fewralda aýry-aýrylykda çap eden iki beýanatynda Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň ir sagat 5:30-da ermeni harbylarynyň Syunik welaýatynyň Nerkin Hand obasynyň ugrunda ýerleşýän pozisiýasyna garşy ot açandygyny aýtdy.
"Azerbaýjanyň ýaragly güýçleriniň bölümleri ermenileriň Nerkin Hand obasynyň golaýyndaky söweş nokatlaryna ownuk ýaraglardan ot açdy" diýip, ministrlik aýtdy.
Ermeni häkimiýetleri bada-bat şundan başga maglumat bermedi, ýöne Nerkin Hand şäheriniň häkimi Haçatur Bagdasarian Azatlyk Radiosynyň Ermeni gullugyna obadaky ýagdaýyň dartgynlydygyny aýtdy.
Muňa jogap edip, Azerbaýjanyň Döwlet serhet gullugy 13-nji fewralda beýanat çap edip, Azerbaýjan güýçleriniň Ermenistanyň serhet postuny "ar alyş operasiýasy" wagtynda “doly ýok edendigini” aýtdy.
Baku mundan öň, 12-nji fewralda ermeni goşunlaryny Azerbaýjanyň pozisiýalaryna tarap ot açmakda we bir azeri serhetçisini ýaralamakda aýyplady.
Ermenistan bu aýyplamany 'nädogry maglumat' hökmünde inkär etdi.