Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan Azerbaýjan bilen baglaşylan ýaraşygyň düzgünleriniň bozulmagy baradaky aýyplamalaryň bilelikde derňelmegi üçin mehanizm döredilmegini teklip etdi.
"Bilelikdäki mehanizm" baradaky teklip 15-nji iýunda, Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi ermeni esgerleriniň Bakuwyň Nahçiwan anklawyndaky azerbaýjan esgerlerine ot açandygyny öňe süreninden birnäçe gün soň edildi.
Paşinýan öz Raýat şertnamasy partiýasynyň agzalaryna ýüzlenip, atyşygy bes etmek düzgünleriniň bozulmagy barada aýdylýanlar ýa dogry, ýa-da goňşularyň arasyndaky dartgynlygy güýçlendirmek niýetinden ugur alýan bolup biler diýdi.