Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan kadaly şertlerde Azerbaýjan bilen parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmaga taýýardygyny aýdýar


Ermenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wahan Kostaniýan (arhiw suraty)
Ermenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wahan Kostaniýan (arhiw suraty)

Ermenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wahan Kostaniýan öz ýurdunyň ganym bäsdeşi Azerbaýjan bilen, iki ýurduň ozal ylalaşan prinsipleri esasynda, parahatçylyk ylalaşygyny baglaşmaga meýillidigini, şeýle-de Bakuwyň ýakyn ýarany Türkiýe bilen hem gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy.

Konstaniýan bu barada 2-nji martda Türkiýede geçen Antaliýa Diplomatiki Forumunyň çäginde çykyş etdi. Ol Baku bilen baglaşyljak islendik ylalaşykda, iki tarapyň hem birek-bireginiň territorial bütewiligini we özygtyýarlylygyny ykrar etmegi göz öňünde tutulmalydygyny hem belledi.

Ol Ýerewanyň Ankara bilen gatnaşyklaryny doly kadylaşdyrmagy, şol sanda serhetleriň açylmagyny we diplomatiki aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyny isleýändigini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG