Ermenistan paýtagt Ýerewandaky Zwartnots halkara aeroportuna ýerleşdirilen Russiýanyň serhet güýçlerini çykarmak barada, resmi ýagdaýda Moskwa ýüz tutandygyny mälim etdi. Bu Ýerewanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sowuklaşýan mahaly, özüni Russiýadan has çetleşdirýän döwründe bolup geçdi.
“Ermenistanyň bu mesele boýunça pozisiýasy aýdyň. Russiýa Federasiýasy bu açyk pozisiýa barada resmi hat arkaly habarly edildi” diýip, Ermenistanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretary Armen Grigoriýan 6-njy martda žurnalistlere aýtdy. Ol Ýerewanyň pozisiýasyna laýyklykda, aeroporta diňe Ermenistanyň öz güýçleri tarapyndan hyzmat edilmelidigini hem sözüne goşdy.
Russiýanyň serhet gullukçylary Ermenistanyň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň bir bölümi hökmünde 1992-nji ýyldan bäri Zwartnots aeroportunda saklanýarlar. Rus gullukçylaryny ýerleşdirmek baradaky ylalaşykda, olaryň anyk wezipeleri aýdyňlaşdyrylmaýar, emma dokumentde olaryň aeroporty özleriniň transport maksatlary üçin ulanyp bilýändigi nygtalýar.
Soňky aýlaryň dowamynda, Russiýanyň adaty ýarany bolan Ermenistan özüni Moskwadan uzaklaşdyryp başlady, we şol bir wagtda Günbatar bilen has ýakynlaşyp başlady.
Ýerewan ozalam aeroport meselesini gozgapdy. Emma Grigoriýanyň 6-njy martdaky bellikleri bu meseläniň ilkinji gezek resmi görnüşde orta getirilmegi boldy.