Global Internete gözegçilik edýän gurama “NetBlocks”, göni aragatnaşyk ulgamlaryndaky maglumatlaryň Eýranda 88 günläp dowam eden doly petiklemeden soň Internet üpjünçiliginiň bölekleýin dikeldilendigini görkezýändigini aýdýar.
“NetBlocks” X sosial ulgamynda paýlaşan maglumatynda Internet üpjünçiliginiň 2093 sagatdan gowrak kesilmeginiň “häzirki zaman taryhynda iň uzak wagt dowam eden tutuş ýurt boýunça Internet petiklenmesi” bolandygyny ýazdy.
Şeýle-de, gurama Internet üpjünçiliginiň dikeldilmeginiň saklanyp galjakdygynyň ýa-da saklanmajakdygynyň henizem belli däldigini aýtdy.
Şol güni irden, ýagny 26-njy maýda Masud Pezeşkianyň hökümetiniň resmileri ýurtda Interneti doly dikeltmek prosesiniň öňdäki 24 sagadyň dowamynda amala aşyryljakdygyny yglan etdiler. Emma aradan birnäçe sagat geçensoň, ýurduň Administratiw kazyýeti Internet üpjünçiligini dikeltmek baradaky permany çykaran hökümet komitetiniň işini togtatmak baradaky buýrugy çykarandygyny yglan etdi.
“NetBlocks” guramasynyň maglumatyndan gysga wagt soň, Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref X sosial ulgamynda şeýle maglumaty paýlaşdy: “Prezidentiň görkezmesine we hökümetiň wadasyna laýyklykda, kiber giňişlige erkin we düzgünleşdirilen giriş üçin ilkinji ädim ädildi”.
Eýranyň metbugaty ulanyjylaryň öz mobil telefonlary arkaly “halkara Internetine”, şol sanda “ChatGPT” ýaly hyzmatlara täzeden giriş mümkinçiliginiň dörändigini habar berdi.
Eýranyň iki derejeli Internet ulgamy bar: hökümet tarapyndan tassyklanan saýtlar we hyzmatlar bilen çäklenen içerki ulgam we köplenç güýçli süzgüçden geçirilýän ýa-da doly ýapylýan halkara (global) Internet.
Şeýle-de, “NetBlocks” Internete elýeterliliginiň adaty trafik möçberi bilen deňeşdirilende 86 göterime ýetendigini habar berdi.
“Filtr ulgamy öz güýjünde saklanýar, ýöne onuň daşyndan aýlanyp geçmek mümkin. “WhatsApp” indi çäklendirildi, şonuň üçin ony aýlanyp geçmek gerek. Käbir ulanyjylar henizem Internetden peýdalanmaýarlar” diýip, “NetBlocks” X sosial ulgamynda paýlaşan maglumatynda ýazdy.
Eýranyň döwlet eýeçiligindäki ISNA habar agentligi giň zolakly internet hyzmatlaryny ulanyjylaryň indi global Internet ulgamyna çäklendirmesiz birikdirilendigini we olara “halkara web sahypalaryndan we hyzmatlaryndan doly peýdalanmak mümkinçiliginiň döredilendigini” habar berdi.
Şol bir wagtda, ýurduň aragatnaşyk ministriniň orunbasary Ehsan Çitsaz raýatlaryň telefonlarynyň, “hüjümçileriň [täzelenmedik] köne ulgamly enjamlary betniýetli ulanýandygy” sebäpli, hakerleriň hüjümine sezewar bolmak howpunyň bardygyny aýtdy we eýranlylary Internete girmezden ozal bank programmalarynyň we howpsuzlyk gurallarynyň iň soňky wersiýalaryny gurnamaga çagyrdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum