Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ABŞ-nyň gaýtadan başlan zarbalaryna Ýakyn Gündogarda raketa we dron hüjümleri bilen jogap berdi

ABŞ-ly deňizçi Arap deňzinde Waşingtonyň Eýrana garşy blokadasyny güýçlendirýän amfibiýa hüjüm gämisi bolan USS Boxer-iň uçuş palubasyndan kömekçi dikuçaryň göterilmegine ýolbaşçylyk edýär.
ABŞ-ly deňizçi Arap deňzinde Waşingtonyň Eýrana garşy blokadasyny güýçlendirýän amfibiýa hüjüm gämisi bolan USS Boxer-iň uçuş palubasyndan kömekçi dikuçaryň göterilmegine ýolbaşçylyk edýär.

Eýran 2-nji sentýabrda Ýakyn Gündogaryň dürli ýerlerindäki ABŞ-nyň harby nyşanalaryna raketalar we dronlar bilen hüjüm etdi. Tähran Birleşen Ştatlaryň Yslam respublikasyna garşy gaýtadan başlan zarbalarynyň «agyr» netijeleriniň boljakdygyny duýdurdy.

Eýranyň döwlet mediasy Tähranyň Iordaniýadaky ABŞ desgalaryny ballistik raketalar bilen nyşana alandygyny habar berdi. Iordaniýanyň goşuny Eýranyň 13 raketasynyň ýurduň howa giňişligine girendigini, olaryň 10-synyň öňüniň alnandygyny, üçüsiniň bolsa çet-gyrak ýerlere gaçandygyny aýtdy. Ölen ýa-da ýaralanan adamlaryň bolandygy habar berilmedi.

Kuweýtde we Bahreýnde hem Eýranyň raketa we dron hüjümleriniň bolandygy habar berildi. Kuweýtiň goşuny ýurduň howa hüjüminden goranyş güýçleriniň duşman raketalaryna we dronlaryna garşy çäre görýändigini aýtdy. Bahreýn bolsa howa hüjüminden goranyş güýçleriniň Eýran dronlarynyň öňüni alyp, olary ýok edendigini habar berdi.

Eýranyň Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusy (YRSK) Yrak Kürdüstanynyň awtonom sebitindäki ABŞ bazalaryny hem raketalar we dronlar bilen nyşana alandygyny aýtdy. Korpus tehniki hyzmat merkezini, ammarlary we enjamlary ýok edendigini öňe sürdi. Eýranyň IRNA döwlet habar agentligi tarapyndan ýaýradylan bu maglumat garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklanmady.

Söweşleriň iň soňky tapgyry Waşingtonyň 30-njy awgustda Eýranyň nyşanalaryna zarba urmagy bilen başlandy. Bu ABŞ-nyň birnäçe hepdäniň dowamynda Eýrana urandygy mälim bolan ilkinji zarbalardy. Tähran soňra Iordaniýadaky we Birleşen Arap Emirliklerindäki ABŞ güýçlerini nyşana aldy. Şol bir wagtda, Hormuz bogazynda iki nebit tankerine zarba uruldy, ýöne bu hüjümleriň jogapkärçiligini hiç bir tarap öz üstüne almady.

Forum

XS
SM
MD
LG