Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ABŞ-nyň öňki prezidenti Trampy öldürmek meýilnamasyna dahyllydygyny ret edýär


Pensilwaniýa, 13-nji iýul, 2024. Donald Tramp janyna kast etmek üçin edilen şowsuz synanyşykdan soň ýumrugyny görkezýär.
Pensilwaniýa, 13-nji iýul, 2024. Donald Tramp janyna kast etmek üçin edilen şowsuz synanyşykdan soň ýumrugyny görkezýär.

ABŞ häkimiýetleriniň Tähranyň respublikanlaryň prezidentlige dalaşgärini öldürmek meýilnamasyndan habarly edilendigi barada çykan maglumatlardan soň, Eýran özüniň Donald Trampyň janyna kast etmegi meýilleşdirendigi dogrusynda aýdylýanlary ret etdi.

CNN we Politico habar beriş serişdeleri 16-njy iýulda, ady aýdylmadyk çeşmelere salgylanyp, öňki prezidentiň janyna kast etmek üçin 13-nji iýulda edilen synanyşygyň birnäçe hepde öňünden, ABŞ häkimiýetleriniň Eýranyň Trampy öldürmek meýilnamasyndan habarly edilendigini aýtdylar.

Emma muňa garamazdan, habar serişdeleri Trampyň janyna kast etmek üçin guralan synanyşygyň Eýran howpy bilen baglanyşykly bolup görünmeýändigini bellediler.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Nasser Kanani 16-njy iýul güni giçlik eden beýanatynda Tähranyň 13-nji iýuldaky kast ediş synanyşygyna gatnaşygynyň bolmandygyny aýtdy we Eýranyň Trampy öldürmek üçin meýilnama düzendigi barada aýdylýanlaryň “syýasy äheňli” bolandygyny öňe sürdi.

"Eýran Yslam Respublikasy, general Kasem Soleýmanini öldürmek jenaýatyndaky gönüden-göni roly üçin, Trampy jogapkärçilige çekmek baradaky kararynda aýgytly" diýip, Kanani aýtdy.

Yslamçy Rewolýusiýa goragçylary korpusynyň (IRGC) saýlama Kuds güýçleriniň öňki serkerdesi Soleýmani 2020-nji ýylyň ýanwarynda, ABŞ güýçleri tarapyndan, Trampyň buýrugy esasynda urlan howa zarbasynda öldürildi. Eýran ýokary derejeli resminiň öldürilendigi üçin ar aljakdygyny aýdyp, gaýta-gaýta wada berdi.

Eýranyň Birleşen Milletler Guramasyndaky missiýasy Kananiniň beýanatyndan öň çykyş edip, Tährana bildirilýän aýyplamalaryň "esassyz we tarapgöý" bolandygyny, Yslam respublikasynyň "Trampy jogapkärçilige çekmek üçin kanuny ýoly saýlap alandygyny" aýtdy.

Eýran häkimiýetleri özleriniň Soleýmaniniň öldürilmegine dahylly diýip hasaplaýan ýokary derejeli ABŞ şahsyýetleriniň töleg tölejekdigini öňden bäri duýduryp gelýärler. Bu meselede howp abanýan adamlaryň arasynda Trampyň milli howpsuzlyk boýunça öňki geňeşçisi Jon Bolton we öňki döwlet sekretary Maýk Pompeo dagy bar.

Adalat ministrligi 2022-nji ýylyň awgustynda, Boltony öldürmegi meýilleşdirdi diýip, Yslamçy Rewolýusiýa goragçylary korpusynyň agzasy bolan eýranly söweşijini günäkärledi.

Şu ýylyň başynda bolsa, Eýrandan abanýan erjel howp-hatarlar arasynda, ABŞ hökümeti Pompeonyň gorag möhletini uzaltdy.

Forum

XS
SM
MD
LG