Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran, ABŞ parahatçylyk ylalaşygyna gelmekde oňyn, jikme-jikliklerde başga pikirde

ABŞ-nyň prezidenti Tramp Ak Tamda permana gol çekdi. Waşington, 22-nji iýun, 2026-njy ýyl.
ABŞ-nyň prezidenti Tramp Ak Tamda permana gol çekdi. Waşington, 22-nji iýun, 2026-njy ýyl.

Eýran we Birleşen Ştatlar gutarnykly parahatçylyk ylalaşygyna gelmek ugrundaky gepleşiklerde ilerlemäniň bardygyny aýtdylar, ýöne iki tarap hem gepleşiklerdäki gowuşgynsyzlygy dile getirdi.

ABŞ-nyň wise-prezidenti JD Wens 22-nji iýunda Şweýsariýadan dolananyndan birnäçe sagat soň, hepde ahyrynda geçirilen gepleşiklerde "gowy ilerleme" gazanylandygyny aýtsa, prezident Donald Tramp, eger-de Waşington bilen gelen ylalaşygyna eýermese, "men etmeli zadymy ederin" diýip, Tährana duýduryş berdi.

"Eger-de Eýran ylalaşyk borçnamalaryny ýerine ýetirmese ýa-da özüni talabalaýyk alyp barmasa, men etmeli zadymy ederin" diýip, Tramp Waşingtonda žurnalistlere aýtdy. Ol sözüni anyklaşdyrmady.

Wens 60 gün içinde gutarnykly parahatçylyk ylalaşygyna gelmäge gönükdirilen çarçuwada ilerlemäniň bardygyny belledi, şol sanda Hormuz bogazyndan howpsuz geçmegiň kepillendiriljekdigini, Liwandaky söweşleriň soňlanjakdygyny we Tähranyň halkara ýadro inspektorlarynyň saparlaryna rugsat berjekdigini aýtdy.

"Biz üstünlikli gutarnykly ylalaşyk üçin örän gowy binýat döretdik" diýip, Wens 22-nji iýunda žurnalistlere Şweýsariýanyň merkezindäki Burgenstok şypahanasynda iki tarapyň gijesi bilen dowam etdiren gepleşiklerinden soň aýtdy.

"Soňky ylalaşyk – bu jaý. Biz binýat goýduk; biz jaý gurmadyk, ýöne amerikan halkynyň gowy şertleri gazanmagy üçin üstünlikli binýat goýduk."

Bu binýat, Waşingtona geçen hepde, iki ýurduň arasynda parahatçylyk gepleşikleri babatda gelnen çarçuwaly ylalaşygyň çäginde, Eýrana nebit öndürmäge, ony çykarmaga we halkara bazarlarynda satmaga rugsat berendigini aýtmak üçin ýeterlik derejede saldamly bolup göründi.

“Şweýsariýada geçirilýän netijeli gepleşiklere laýyklykda, Eýran Hormuz bogazynda erkin we açyk tranzit geçmesine, Halkara atom energiýasy guramasynyň (HAEG) inspektorlarynyň öz ýurtlaryna girmegine rugsat bermek barada borçnama aldy” diýip, Gazna sekretary Skott Bessent 22-nji iýunda X-da çap edilen ýazgysynda aýtdy.

"Çarçuwanyň bir bölegi hökmünde, Gazna ministrligi Eýran nebitini öndürmek, eltip bermek we satmak üçin wagtlaýyn, 60 günlük umumy ygtyýarnama berdi."

Şu aralykda, ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio şu hepde, Eýran urşy başlanaly bäri Pars aýlagyna ilkinji resmi saparyny amala aşyrmak üçin, 28-nji fewralda Birleşen Arap Emirliklerine, Kuweýte we Bahreýne sapara barýar.

Diplomatik missiýa sebitdäki ýaranlary Tramp administrasiýasynyň Tähran babatyndaky strategik ugruna hem ynandyrmaga çalşar.

Gepleşiklere Eýran hem oňyn baha berdi, ýurduň baş gepleşikçisi, parlamentiň başlygy Mohammad Baker Kalibaf Eýranyň döwlet telewideniýesine Tähranyň Hormuz bogazyndaky gämi gatnawy meselesinde aragatnaşyk liniýasynyň bolmagy bilen razylaşandygyny aýtdy.

Ol, gepleşikler wagtynda, Eýranyň doňdurylan 12 milliard dollarlyk aktiwleriniň boşadylmagy baradaky gol çekişligiň hem tamamlanandygyny sözüne goşdy. Ýöne ol bu serişdeleriň boşadylmagy baradaky başga jikme-jiklikeri aýtmady.

Aýratyn jikme-jiklikleriň birnäçesi yglan edildi, ýöne ylalaşyk geçen hepde ABŞ-nyň we Eýranyň prezidentleri tarapyndan gol çekilen özara düşünişmek memorandumynda (ÖDM) yglan edilen tutumlaýyn maksatlary şöhlelendirýän ýaly göründi.

14 maddadan ybarat Düşünişmek memorandumy ylalaşygyň köp şertleriniň düşündirişi üçin açyk galdyrdy.

Wens Tähranyň Halkara atom energiýasy guramasynyň (HAEG) inspektorlarynyň ýurda gaýdyp gelmegine rugsat bermäge razy bolandygyny, taraplaryň Hormuz bogazyny energiýa daşamak üçin açyk saklamak, global nebit we gaz akymlaryna päsgel bermezlik üçin sebiti minalardan arassalamak üçin "utgaşdyryjy mehanizmi" döretmek üstünde işleýändigini aýtdy.

Gepleşikleriň katarly we pakistanly araçylarynyň biraz öň eden beýanatynda açylyş mejlisi üçin resmi gepleşikleriň tamamlanandygy, wekiliýetleriň gelýän hepde goşmaça tehniki gepleşikleri geçirjekdigi aýdyldy.

Beýanatda "Ýadro, sanksiýalar, şeýle hem Ylalaşygyň netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etjek gözegçilik we jedelleri çözmek topary, beýleki meseleler" boýunça "iş toparlarynyň" dörediljekdigi aýdylýar.

Forum

XS
SM
MD
LG