Amerikanyň Hormuz bogazynyň golaýyndaky harby desagalaryna uran zarbalaryna jogap hökmünde, Eýranyň Yslam rewolýusiýasyny goraýan korpusy ABŞ-nyň Iordaniýadaky harby bazalaryna we Pars aýlagynda Amerika bilen ilteşikli bolan beýleki bazalara garşy raketa we dron hüjümlerini amala aşyrandygyny aýtdy.
Eýran metbugaty hüjümleriň ABŞ-nyň Iordaniýadaky Al Azrak bazasyna, şeýle hem Kuweýtdäki we Bahreýndäki nokatlaryna gönükdirilendigini habar berdi.
Rewolýusiýa goragçylary uçar angarlary we dolandyryş merkezi ýaly desgalara hüjüm edendiklerini, ABŞ-nyň mundan beýläkki islendik hereketine "berk we aýgytly" jogap bermäge taýýardyklaryny duýdurdylar.
Bu hüjümler ABŞ-nyň Eýranyň Hormuz bogazynyň golaýynda ýerleşýän 20-ä golaý howa goranyş, radar we gözegçilik merkezlerine garşy geçiren operasiýasyndan soň edildi.
Hüjümler prezident Donald Tramp ABŞ-nyň “Apaçi” dikuçarynyň urlup ýykylmagyna Eýranyň jogapkär bolandygyny aýdyp, "örän güýçli" gaýtargy bermek wadasyny edeninden bir gün soň amala aşyryldy.
Iordaniýanyň harby güýçleri Al-Azraga tarap atylan bäş raketany urup, ýok edendiklerini aýtdylar, Bahreýn we Kuweýt abanýan howa wehimlerine garşy çäre görýändiklerini habar berdiler.
ABŞ resmisi, deslapky synlara salgylanyp, Eýran raketalarynyň we dronlarynyň tas ählisiniň öňüniň alnandygyny aýtdy, amerikan desgalaryna ýeten zyýan ýa-da çekilen pidalar barada häzirlikçe hiç bir habar berilmedi.
Waşington bilen Tähranyň aprel aýynda gelen ýaraşyk ylalaşygyndan bäri, bu zarbalar iň çynlakaý dartgynlaşma ýagdaýlarynyň biri bolup görünýär.
Forum