Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran-amerikan žurnalisti Reza Walizadehniň tussag edilenine iki ýyl boldy

Reza Walizadeh. 2015-nji ýyl, Paraga
Reza Walizadeh. 2015-nji ýyl, Paraga

ABŞ-nyň we Eýranyň raýaty, şeýle-de Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy "Farda" radiosynyň öňki žurnalisti Reza Walizadeh Eýranda tussag edilenine iki ýyl boldy.

Walizadeh 2024-nji ýylyň dekabrynda "duşman hökümet bilen hyzmatdaşlyk etmekde" aýyplanyp, 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Bu aýyplamany onuň tarapdarlary we metbugat azatlygy toparlary ret edýärler. Walizadehniň bu barada eden şikaýat arzasy ret edildi.

Walizadeh AÝ/AR-da 10 ýyl işländen soň, 2022-nji ýylyň noýabr aýynda “Farda” radiosyndaky wezipesinden çekildi. 2024-nji ýylyň başynda ol maşgalasyny görmek üçin Eýrana gaýdyp bardy, ýöne şol ýylyň 22-nji sentýabrynda tussag edilip, deslapky tussaghana ýerleşdirildi.

Former RFE/RL Journalist Reza Valizadeh Marks Two Years In Iranian Prison Former RFE/RL Journalist Reza Valizadeh Marks Two Years In Iranian Prison
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:58 0:00

2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Mahsa Amini ölenden bäri Eýranyň häkimiýetleri islendik närazylyga garşy rehimsiz, käte bolsa ölüme eltip bilýän basyş çärelerine başladylar. Amini Eýranyň "ahlak polisiýasy" diýlip atlandyrylýan polisiýasy tarapyndan ýurduň baş örtügi kanunyny bozandygy aýdylyp saklanandan soň, tussaglykda mahaly aradan çykdy.

Onuň hekaýasy berk pozisiýaly häkimiýetleri sarsdyran "Aýal, durmuş, azatlyk" hereketiniň başlamagyna sebäp boldy.

Şeýle-de, Walizadeh ýurduň jedelli ýadro programmasyna we adam hukuklarynyň bozulmagyna salgylanyp, Eýranyň häkimiýetlerini takmynan 90 million ilatly ýurda urşy çagyrmakda aýyplady.

Fewral aýynyň ahyrynda ABŞ we Ysraýyl Eýrana garşy bombalaýyş kampaniýasyny başladylar. Uruş ýüzlerçe eýranlynyň ölümine sebäp boldy, ýurtda öňdenem dowam edip gelýän agyr ykdysady krizisi has-da ýaramazlaşdyrdy we başgaça pikirlilere garşy repressiýalaryň güýçlenmegine getirdi.

Walizadehe ýakyn çeşmeler onuň Eýrana gaýdyp gelende kanuny kynçylyklara duçar bolmajagy barada Eýranyň howpsuzlyk resmilerinden resmi däl kepillik alandygyna garamazdan, "gizlin gulluklaryň duzagyna" düşendigini öňe sürýärler.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Walizadehniň tussag edilmegini ýazgaryp, muny "adalatsyz" we halkara hukuk kadalaryna laýyk gelmeýän hereket diýip atlandyrdy.

"Serhetsiz reportýorlar" we "Žurnalistleri goramak komiteti" ýaly metbugat azatlygyny gorap çykyş edýän guramalar Eýran häkimiýetlerini Walizadehni derrew boşatmaga çagyrdylar.

Eýran Günbatar ýurtlaryna basyş etmek üçin goşa raýatlygy bolan eýranlylary we daşary ýurt raýatlaryny galp aýyplamalar bilen tussag etmekde yzygiderli aýyplanýar. Tähran 2023-nji ýylyň sentýabr aýyndaky tussag alyş-çalyşynda Eýranda tussaglykda saklanýan bäş amerikan raýatyny boşatdy.

Şu aýyň başynda 71 ýaşly eýran-amerikan raýaty Kamran Hekmati Tähranyň "Ewin" türmesinden boşadyldy, ýöne maşgalasy onuň syýahat etmek gadaganlygy sebäpli ýurtdan çykyp bilmeýändigini aýtdy.

Eýran metbugat azatlygy babatda iň repressiw ýurtlaryň arasynda durýar. “Serhetsiz Reportýorlar” guramasy 2026-njy ýyl üçin Dünýä metbugat azatlygy indeksinde Eýrany 180 ýurduň arasynda 177-nji orunda ýerleşdirdi. Diňe Hytaý, Demirgazyk Koreýa we Eritreýa Eýrandan has pes bal aldy.

Düýbi Parižde ýerleşýän media azatlygyna gözegçilik edýän gurama Eýranyň dünýäde žurnalistleri iň köp tussag edýän ýurtlaryň biridigini hem aýtdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG