Ysraýylyň harbylary 8-nji iýunyň ir säherinde öz güýçleriniň Eýranyň Ysraýyla eden hüjümlerine jogap hökmünde Eýran režimine degişli obýektleri nyşana alandygyny aýtdy. Bu ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň premýer-ministr Benýamin Netanýahua şeýle zarbalary amala aşyrmazlygy aýtjakdygyny mälim etmeginden gysga wagt soň boldy.
“Ysraýyl Harby-howa güýçleri biraz öň Eýranyň günbatarynda we merkezinde Eýranyň terror režimine degişli harby nyşanalara zarba urdy” diýip, Ysraýyl Goranmak güýçleri (IDF) 8-nji iýun irden X platformasynda ýazdy, emma dessine goşmaça maglumat bermedi.
Eýranyň döwlet telewideniýesi ýurduň dürli şäherlerinde, şol sanda Tähranda, Kerejde, Töwrizde we Yspyhanda partlamalaryň eşidilendigini habar berdi. Jikme-jiklikler dessine elýeterli bolmady.
Bu zarbalar Eýranyň Ysraýyla tarap raketa toplumyny atmagyndan soň boldy. Bu Tähranyň 8-nji aprelde gowşak ýaraşyk güýje girenden bäri Ysraýyla eden ilkinji hüjümleri boldy. Eýran munuň Tel-Awiwiň Beýruta eden harby zarbalaryna jogapdygyny aýtdy.
Eýranyň bu hereketine garamazdan, Tramp Tähran bilen ýaraşygy parahatçylyk ylalaşygyna öwürmek baradaky ylalaşygyň henizem “örän ýakyndygyny” aýdyp, Eýranyň Ysraýyla eden raketa zarbalarynyň parahatçylyk prosesini bozmagyny islemeýändigini belledi.
Tramp Fox News telekanalyna Ysraýylyň Liwana eden hüjümlerinden “närazydygyny” aýtdy. Soňra Axios neşiri onuň Eýranyň zarbalary barada “hiç kime degmedi. Ysraýyl jogap bermez diýip umyt edýärin” diýen sözlerini getirdi.
“Men häzir Bibä jaň edip, oňa jogap zarbasyny urmazlygy aýdaryn” diýip, Tramp telefon arkaly söhbetdeşlikde Axios habarçysy Barak Rawide aýtdy diýlip habar berildi.
Rawidiň maglumatyna görä, Tramp: “Ysraýyl öz zarbasyny urdy, Eýran hem öz zarbasyny urdy. Bize ýene biri gerek däl” diýdi.
“Biz örän ýakyn. Meniň pikirimçe, ylalaşyga geljek hepdäniň duşenbe, sişenbe ýa-da çarşenbe günleriniň birinde gol çekilerdi. Indi bolsa şu bolup geçýär” diýip, Tramp Fox telekanalyna aýtdy we Eýranyň “gepleşik stoluna dolanyp, ylalaşyk baglaşmalydygyny” sözüniň üstüne goşdy.
Soňra Tramp The Financial Times neşirine Eýranyň soňky zarbalarynyň Tähran bilen dowam edýän gepleşiklere täsir etmejekdigini we “ylalaşygyň dowam edýändigini” aýtdy.
Ak tam soňky zarbalar ýa-da olaryň Birleşen Ştatlar bilen utgaşykly amala aşyrylandygy barada teswir bermek baradaky haýyşlara jogap bermedi.
Forum