Eýran parlamentiniň Milli howpsuzlyk komitetiniň agzasy Alaeddin Borujerdi Hormuz bogazyndan geçmegiň tölegli boljakdygyny aýtdy diýip, Eýranyň SNN teleýaýlymy habar berdi.
"Tiz wagtdan, kanun taslamasynyň kabul edilmegi bilen, bu suw ýoly täze ulgam esasynda dolandyrylar. Gämileriň howpsuzlygy we hyzmatlary kanun taslamasynda göz öňünde tutulan tölegler arkaly üpjün ediler" diýip, teleýaýlym Borujerdiniň sözlerine salgylanyp aýtdy.
Tähranyň üstaşyr geçişden aljak töleginiň möçberi aýdylmady.
Lloyd's List Eýranyň Hormuz bogazyndan üstaşyr geçiş üçin töleg girizendigini 20-nji martda habar berdi. Neşiriň maglumatyna görä, tassyklanan daşaýjylar üçin "howpsuz geçelge" döredildi we bir operator üstaşyr geçiş üçin iki milliona golaý dollar töledi.
Şol wagt rugsatnamalar her bir ýagdaý üçin aýratynlykda berilýärdi. Şeýle-de, gämileri hasaba almak bilen, Eýranyň resmi tranzit tassyklama ulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýändigi mälim boldy.
ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana garşy başlan harby operasiýasyndan soň, Tähran Hormuz bogazynda söwdany togtadandygyny yglan etdi. Söweş hereketleri başlanmazyndan öň dünýäde öndürilýän nebit we nebit önümleriniň 15-20% -i we suwuklandyrylan tebigy gazyň 30% -den gowragy Hormuz bogazyndan geçýärdi.
Tähran 25-nji martda dostlukly ýurtlaryň - Russiýa, Hindistan, Yrak, Hytaý we Pakistan ýaly ýurtlaryň gämileriniň Hormuz bogazyndan geçmegine rugsat berdi. Daşary işler ministri Abbas Aragçi Tähranyň garşydaşlaryň bogazdan peýdalanmagyna ýol bermekde many görmeýändigini aýtdy.