Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran öňki prezident Rohanini möhüm saýlawlarda dalaş etmekden çetleşdirdi


Eýranyň ozalky prezidenti Hassan Rohani
Eýranyň ozalky prezidenti Hassan Rohani

Eýranyň pragmatist ozalky prezidenti Hassan Rohani ýurduň Ekspertler Geňeşine geçmeli saýlawlarda dalaş etmekden çetleşdirildi. Ruhanylaryň bu möhüm Geňeşiniň wezipeleriniň arasynda ýurduň ýokary ruhany liderini bellemek, we teoriýada ony işden çetleşdirmek mümkinçiligi hem bar.

Rohanini saýlawlara goýbermezlik baradaky karary Eýranyň aşa berk Goragçylar Geňeşi tarapyndan kabul edildi. Bu guramanyň agzalary gönümel ýa-da gytaklaýyn Ýokary ruhany lider Ali Hameneýi tarapyndan bellenilýär.

Rohaniniň edarasy bu karary 24-nji ýanwarda mälim etdi.

Eýranda geçirilýän möhüm saýlawlarda dalaş edip bilmek üçin, mümkin kandidatlary ilki Goragçy Geňeş oňlamaly.

Ekspertler Geňeşiniň düzümine 88 ruhany girýär. Olar her sekiz ýyldan ilat tarapyndan saýlanylýar.

2013-2021-nji ýyllar aralygynda prezident bolan Rohani, 2000-nji ýyldan bäri Ekspertler Geňeşiniň düzüminde dowamly bolupdy.

Eýranyň aşa berk syýasatçylary Rohanini köp tankytlap, onuň Günbatar bilen gatnaşyklary kadalaşdyrmak tagallalarynyň milli bähbitlere ters gelýändigini aýdypdylar.

XS
SM
MD
LG