Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran öz konsullygyna edilen hüjüme jogap berse, Ysraýyl goranjakdygyny aýdýar


Eýranyň Damaskdaky konsullygynyň öňünde toýlan "Tiz kömek" ulagy
Eýranyň Damaskdaky konsullygynyň öňünde toýlan "Tiz kömek" ulagy

Eger-de Eýran Siriýadaky konsullygyna edilen ganly howa hüjümi üçin ar alsa, Ysraýyl goşuny ýurdy goramaga we gaýtargy bermäge taýýardygyny aýdýar.

Tähran şu aýyň başynda edilen hüjümi Ysraýyldan görýär, ABŞ-nyň harby güýçleri bu hüjüm Ysraýyl tarapyndan amala aşyrylandyr öýdýär.

Ysraýyl bu barada düşündiriş bermedi. Dartgynlylygyň ýokarlanmagy Ysraýylyň Gazadaky Hamasa garşy alyp barýan weýrançylykly urşunyň Ýakyn Gündogaryň beýleki ýerlerine hem ýaýramak ähtimallygy baradaky halkara aladasyny güýçlendirdi.

ABŞ we Ýewropa Bileleşigi Hamas toparyny terror guramasy diýip kesgitledi.

XS
SM
MD
LG