Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran protestçilere garşy jynsy zorluklary ulandy – AI


Eýranda geçirilen protestler (arhiw suraty)
Eýranda geçirilen protestler (arhiw suraty)

Eýranyň howpsuzlyk güýçleri geçen ýylyň sentýabrynda “Aýallar, Durmuş, Azatlyk” şygary bilen ýurt boýunça geçirilen demonstrasiýalarda saklanan protestçileriň howuny basmak üçin, jynsy zorluklary we beýleki kemsidiji çäreleri ulandy. Bu barada 6-njy dekabrda “Amnesty International” guramasy täze hasabatynda mälim etdi.

120 sahypadan ybarat hasabat aman galan 45 pidanyň görkezmeleri esasynda düzüldi. Onda jynsy zorluklaryň, munuň üçin hiç hili jogapkärçilige çekilmezden, aýallara, erkeklere we çagalara garşy amal edilendigi bellenilýär.

Eýranyň howpsuzlyk güýçleriniň protestçileri ýekelikde we toparlanyşyp zorlandygy, şeýle-de jynsy zorlugyň beýleki görnüşlerini ulanandygy nygtalýar. Häzire çenli munuň bilen bagly ýekeje-de eýranly resmi jogapkärçilige çekilmedi.

XS
SM
MD
LG