Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda protestler basylyp ýatyrylanda ölen türkmenleriň sany artýar


HRANA ölenleriň tassyklanan sanynyň häzir 5848 bolandygyny, 17091 adamyň ölüm habarlarynyň barlanýandygyny aýdýar.
HRANA ölenleriň tassyklanan sanynyň häzir 5848 bolandygyny, 17091 adamyň ölüm habarlarynyň barlanýandygyny aýdýar.

Golaýda bolan protestlerde ölenleriň sanynyň artmagy bilen, Eýranda tutuş ýurt boýunça internetiň petiklenmegi esasan dowam etdi we pidalaryň sanynyň 30 müňden hem geçmeginiň mümkindigi aýdylýar.

Sanly hukuklara gözegçilik edýän NetBlocks guramasy 25-nji ýanwarda Eýranyň internet ulgamynyň ýapylaly bäri 400 sagatdan gowrak wagtyň geçendigini, "baglanyşyklaryň gysga wagtlyk ýokarlanmagynyň" giň gerimli dikeldilme barada ýalňyş pikir döredip biljekdigini aýtdy. Şeýle-de, gurama VPN ýaly aýlanyp geçmek gurallarynyň çäklendirilen internet aragatnaşygyna mümkinçilik berendigini belledi.

Adam hukuklary toparlary petiklemäniň protestçileriň guramaçylyk ukybyna päsgel berendigini we maglumat akymyny çäklendirendigini, pidalaryň sanynyň garaşsyz ýagdaýda tassyklanmak mümkinçiligini kynlaşdyrýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk/Azat Ýewropa radiosy Eýranda şu aýyň başynda başlanan zorlukly basyp ýatyrmalaryň başyndan bäri yzygiderli maglumat berýän gurama, düýbi ABŞ-da ýerleşýän HRANA hukuk guramasyna yzygiderli salgylanýar. HRANA ölenleriň tassyklanan sanynyň häzir 5848 bolandygyny, 17091 adamyň ölüm habarlarynyň barlanýandygyny aýdýar.

Azatlyk radiosy geçen hepde Türkiýede ýaşaýan türkmensähraly alyma salgylanyp, protestlerde ölen etniki türkmenleriň üçüsiniň ölüminiň tassyklanandygyny habar berdi. Professor Abdyrahman Düýejiniň 23-nji ýanwarda ýaýlyma berlen habardan soň aýtmagyna görä, protestlerde ölen türkmenleriň ýene birnäçesiniň ölümi tassyklandy. Olar - Köwser Sahne (gyz) Muhammet Garrawy (erkek), Mehin Merhemeti (gyz).

Ölümi tassyklanan ýene bir türkmeniň ady belli, ýöne Düýeji, maşgalasynyň haýyş edendigi üçin, onuň adynyň aýdylmazlygyny sorady.

Abdyrahman Düýeji ölümi tassyklanan türkmenleriň sanynyň artmagynyň mümkindigini, habarlaryň her gün üýtgäp durandygyny aýdýar.

Diňle: Eýran protestlerinde ölen türkmenleriň sany artýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:24 0:00

Forum

XS
SM
MD
LG