Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ýanwardaky protestler bilen baglanyşykly ýene iki adamy jezalandyryp öldürdi

Hukuk toparlaryna görä, Eýran 2026-njy ýylyň başyndan bäri 400-den hem aşa adamy jezalandyryp öldürdi.
Hukuk toparlaryna görä, Eýran 2026-njy ýylyň başyndan bäri 400-den hem aşa adamy jezalandyryp öldürdi.

Eýranyň döwlet metbugaty 28-nji iýulda Abolfazl Sepahi Badjani bilen Amirhoseýin Safari Hoseýinabadiniň 2026-njy ýylyň ýanwarynda Yspyhanyň Malek Şähr etrabynda geçirilen protestler bilen baglanyşykly ölüm jezasynyň ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Döwlet metbugaty bu iki adamy Alyhani meýdançasynda dört polisiýa işgäriniň öldürilmegine jogapkär adamlaryň hatarynda görkezdi. Resmi maglumatlara görä, olar 8-nji ýanwardaky protestleriň dowamynda polisiýa işgärlerini ýaralap, soňra otlapdyr.

Emma kazyýet işiniň nähili geçirilendigi, aýyplanýanlaryň aklawçy bilen üpjün edilip-edilmändigi we olaryň boýun alyş görkezmeleriniň haýsy şertlerde alnandygy garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklanyp bilinmedi.

Sosial mediada paýlaşylan wideolarda güýçli howpsuzlyk çäreleriniň görülýän wagtynda jeza ýerine ýetirilen ýeriň golaýynda adamlaryň üýşüp, jezalandyrylmalara garşy nägilelik bildirendigi görünýär.

Käbir wideolarda howpsuzlyk güýçleriniň motosikller bilen mähelläniň içinden geçýän mahaly daň azany ýaňlanyp durka, protestçileriň «Utanç! Utanç!» diýip gygyrandygy eşidilýär.

Sosial media ulanyjylary Yspyhanda protestçiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyklaryň bolandygyny we internet aragatnaşygynyň bökdelendigini hem habar berdiler.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy (Radio Farda) bu maglumatlary garaşsyz ýagdaýda tassyklap bilmedi.

Ölüm jezalary 28-nji iýulyň ir säherinde, BMG-niň Eýrandaky adam hukuklary boýunça ýörite hasabatçysy Maý Satonyň Birleşen Milletler Guramasynyň bilermenler toparynyň Tährany Yspyhan işi boýunça galan 10 aýyplanýanyň ölüm jezalaryny dessine togtatmaga çagyrandygyny aýtmagyndan birnäçe sagat soň ýerine ýetirildi.

Tussag edilen wagtynda ýaşlary 20-ä ýetmedik ýa-da ýaňy ýigrimi ýaşlaryna gadam basan 12 protestçä ýapyk toparlaýyn kazyýet işinde ölüm jezasy berildi.

Bu iş boýunça ýene iki adam — Gol Mohammad Mohammadi bilen Erfan Esfandiari 19-njy iýulda jezalandyryldy.

BMG-niň bilermenleri bu kazyýet işleriniň adalatly sud seljermesi baradaky halkara ölçeglere laýyk gelmändigini aýtdy. Olaryň bellemegine görä, höküm esasan döwlet telewideniýesinde görkezilen mejbury boýun alyşlara esaslandyryldy we her bir aýyplanýanyň aýratyn jogapkärçiligi anyk subut edilmedi.

Aýrybaşga, Adam hukuklary aktiwistleriniň habarlar agentligi (HRANA) we Eýranyň Adam hukuklary jemgyýeti Karaj şäherindäki Gezel Hesar türmesiniň 2-nji bölümindäki tussaglaryň ölüm jezalaryna we käbir tussaglaryň ýalňyz kameralara geçirilmegine garşy 27-nji iýulda yzly-yzyna 15-nji gün açlyk yglan edişini hem-de oturma protestini dowam etdirendigini habar berdi.

Maglumatlara görä, 13-nji iýuldan bäri ölüm jezasyna höküm edilen ýüzlerçe tussag türmäniň naharyny kabul etmekden ýüz öwürdi.

Eýranyň kazyýet häkimiýeti we türme edaralary bu maglumatlar barada häzirlikçe düşündiriş bermedi.

Forum

XS
SM
MD
LG