Tähranda Hamasyň, ABŞ we ÝB tarapyndan terror guramasy diýlip kesgitlenen, Eýran tarapyndan goldanylýan Palestina ekstremist toparynyň syýasy lideri Ysmaýyl Haniýäni soňky ýoluna ugratmak prosesi başlandy. Ol Katarda, 2019-njy ýyldan bäri bosgunlykda ýaşan ýurunda topraga tabşyrylar.
Eýran 62 ýaşly Haniýäniň 31-nji iýulda Tähranda guralan reýd mahalynda öldürilendigini aýtdy we bu işi amal aşyrmakda Ysraýyly aýyplady. Bu hadysa Ýakyn Gündogarda has giň konflikt gorkusynyň döremegine sebäp boldy.
Eýranyň ýokary lideri Aýatolla Ali Hameneýi jynaza namazyna ýolbaşçylyk edýär. Tähranyň merkezinde toplanan adamlar Haniýäniň portretlerini alyp geldiler, Tähran uniwersitetinde Palestinanyň baýdaklary ýerleşdirildi.
Haniýe biraz soň Kataryň paýtagty Dohada jaýlanar.
Hameneýi Haniýäniň öldürilmegi üçin "berk jeza" beriljekdigini aýdyp, haýbat atdy.
Hamasyň syýasy býurosynyň agzasy Muza Abu Marzuk hem ar almak wadasyny berdi.
"Lider Ysmaýyl Haniýäniň janyna kast edilip öldürilmegi namartlyk hereketi we jogapsyz galmaz" diýip, Marzuk aýtdy.
Haniýäniň öldürilendigini ilkinji bolup yglan eden gurama, Yslamçy ynkylap goragçylary korpusy (IRGC) Eýranyň täze prezidenti Masud Pezeşkianyň 30-njy iýuldaky inagurasiýa dabarasyna gatnaşmak üçin Tährana gelen myhmany öldüren hüjümi derňeýändigini aýtdy.
Ysraýyl hökümeti entek bu hüjüm bilen baglylykda resmi düşündiriş bermedi, emma hökümetiň metbugat gullugynyň Facebook sahypasynda Haniýäniň maňlaýyna "ýok edildi" diýen möhür basylan suraty ýerleşdirildi. Soňra hiç bir düşündiriş bermezden pozulan ýazgyda, Hamas resmisiniň "Tähranda takyk urlan zarbada" öldürilendigi aýdylan hem bolsa, bu zarbanyň anyk Ysraýyl tarapyndan urlandygy aýdylmady.
Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu 7-nji oktýabrda Ysraýylyň içine edilen we 1200 adamyň ölmegine sebäp bolan hüjüm sebäpli Hamasy ýok etmek wadasyny berdi. Bu hüjümde, öldürilenlerden başga, 250 töweregi adam zamun alyndy, olaryň käbiri soň boşadyldy.
Zamun alnanlaryň käbiri Gazada, Ysraýylyň Hamasy ýok etmek maksady bilen geçirýändigini aýdan köpçülikleýin operasiýasy mahalynda öldi. Zamun alnanlaryň henizem diri galanlary bardyr öýdülýär.
Haniýäniň öldürilmegi Gazada uruş başlanaly bäri dowam edýän dartgynlylygyň sebit derejesinde ýokarlanmak gorkusyny döretdi.
Bu waka Waşingtonyň Hamasy we Ysraýyly wagtlaýyn ýaraşyga yryp, Gazada zamun alnanlary boşatmak ylalaşygynyň baglaşylmagyna itergi berýän wagtynda boldy. Birleşen Ştatlaryň, Ysraýylyň, Kataryň we Müsüriň ýokary derejeli resmileri bu ylalaşygyň baglaşylmagy üçin geçirilýän gepleşikleriň soňky tapgyryna gatnaşýarlar.
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken žurnalistlere Waşingtonyň Haniýäniň janyna kast edilmeginden "habarsyzdygyny ýa-da oňa dahylsyzdygyny" we bu wakanyň sebite ýetirip biljek täsiri barada çaklama etmejekdigini aýtdy.
Emma muňa garamazdan, ol "temperaturany peseltmegiň iň gowy usuly" Hamas bilen Ysraýylyň arasynda ýaraşyk baglaşylmagyna itergi bermegi dowam etdirmek diýdi.
Forum