Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda iki aýal folklor lybasyna geýnip, tans edeni üçin tussag edildi


Tans edýan gylaryň wideosyndan alnan bir şekil.
Tans edýan gylaryň wideosyndan alnan bir şekil.

Eýranda iki aýalyň Tähranyň Tajriş meýdançasynda milli folkloryň “Haji Firuz” atly toslama personažy ýaly geýnip, tans edýän wideosy sosial mediada ýaýrandan soň, olaryň ikisi-de saklandy.

“Haji Firuz” eýranyň folklorynda umuman Nowruz baýramçylygy bilen baglanyşdyrylýar.

Resmiler iki zenanyň tansynda “jemgyýetçilik garşy duruş” hereketlerini görüpdirler we olary tussag edipdirler. Prokuratura olaryň saklanmagy üçin, “kadalary bozýan hereketler” diýen kesgitlemä esaslanyp, höküm çykarypdyr. Bu barada ýarym-resmi Tasnim habar gullugy maglumat berýär.

Eýranda güýç edaralarynyň adamlaryň, hususan hem aýallaryň daşky keşbi bilen baglylykdaky berk gözegçiligi, jemgyýetde barha dartgynlylyklary artdyrýar.

XS
SM
MD
LG