Eýranda internetiň tutuş ýurt boýunça kesilmegi bilen bagly ýagdaý saklanýar, bu aralykda soňky protestlerde ölenleriň sany artýar we hasabatlaryň birinde ölenleriň sanynyň 30 000 adamdan geçen bolmagynyň äthimaldygy aýdylýar.
Adam hukuklaryny goraýjy NetBlocks guramasynyň 25-nji ýanwarda aýtmagyna görä, Eýranda internetiň kesilen döwri 400 sagatdan geçipdir we "arabaglanyşygyň gysga pursatlyk döremegi" internetiň giň gerimde dikeldilmegi barada ýalňyş täsir galdyrmagy mümkin. Gurama VPN ýaly petikden aýlanyp geçmek gurallarynyň çäkli onlaýn aragatnaşygyna mümkinçilik berendigini belledi.
Adam hukuklary boýunça toparlar internetiň kesilmeginiň protestçileriň guramaçylyk ukybyna päsgel berendigini we maglumat akymyny çäklendirendigini, pidalaryň sanynyň garaşsyz barlanmagyny kynlaşdyrýandygyny aýdýarlar.
Eýranda şu aýyň başynda zorlukly basyşlar başlanaly bäri Azatlyk Radiosynyň yzygiderli salgylanýan HRANA hukuk guramasy, ölenleriň tassyklanan sanynyň häzir 5848 adam bolandygyny aýdýar. ABŞ-da ýerleşýän adam hukuklaryny goraýjy bu gurama ölenleriň heniz barlanýan sanynyň 17 091 adama ýetendigini aýdýar.
Azatlyk Radiosy geçen hepde Türkiýede ýaşaýan türkmensähraly alyma salgylanyp, protestlerde ölen etniki türkmenleriň üçüsiniň ölüminiň tassyklanandygyny habar berdi.
Professor Abdyrahman Düýejiniň 23-nji ýanwarda ýaýlyma berlen habardan soň aýtmagyna görä, protestlerde ölen türkmenleriň ýene birnäçesiniň ölümi tassyklandy. Olar - Köwser Sahne (gyz) Muhammet Garrawy (erkek), Mehin Merhemeti (gyz). Ölümi tassyklanan ýene bir türkmeniň ady belli, ýöne Düýeji, maşgalasynyň haýyş edendigi üçin, onuň adynyň aýdylmazlygyny sorady.
Abdyrahman Düýeji ölümi tassyklanan türkmenleriň sanynyň artmagynyň mümkindigini, habarlaryň her gün üýtgäp durandygyny aýdýar.
Şeýle-de bolsa, “Time” žurnaly tarapyndan çap edilen hasabatda Eýrandaky protestlerde ölenleriň sanynyň 30 müňden geçip biljekdigi aýdylýar, bu barada Eýranyň iki ýokary derejeli saglyk resmisi gürrüň beripdir.
25-nji ýanwarda çap edilen maglumatda ölümleriň köpüsiniň 8-9-njy ýanwarda hökümetiň tutuş ýurt boýunça protestlere garşy eden iň güýçli basyşlarynyň netijesinde bolandygy aýdylýar. Güýçli senzura we internetiň uzak wagtlap ýapylmagy sebäpli protestlerde ölenleriň sany baradaky hasabatlary garaşsyz ýagdaýda tassyklamak mümkin däl.
“Time” neşirinde berlen bu san Eýranyň Ýokary Milli Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan ölenleriň sany barada şu hepdäniň başynda yglan edilen we 3117 adama barabar diýlip, gökezilen resmi sana düýbünden garşy gelýär, ýöne bu halkara çaklamalaryna has ýakyn bolýar.
Birleşen Milletler Guramasy pidalaryň has köp bolandygyny çaklady we BMG-niň Eýrandaky adam hukuklary boýunça ýörite hasabatçysy Maý Sato 22-nji ýanwarda lukmanlaryň hasabatlarynyň peýda bolmagy bilen ölen parahat ilatyň sanynyň 20 müňden geçip biljekdigini aýtdy. “Amnesty International” bu adam öldürmeleriň “öň görülmedik derejede” bolup geçýändigini belledi.
Şol bir wagtyň özünde, Norwegiýada ýerleşýän Eýran Adam Hukuklary topary Eýranyň howpsuzlyk güýçleriniň ýaralanan protestçilere kömek edýän lukmanlary we meýletinçileri nyşana alýandygyny 25-nji ýanwarda habar berdi.
“Howpsuzlyk güýçleri lukmanlary we meýletinçi raýatlary nyşana alyp, öýlere we klinikalara hüjüm edýärler, olaryň emlägini ýok edip, özlerini zorluk bilen tussag edýärler” diýip, Eýranyň içinde we daşynda agzalarynyň bardygyny aýdýan topar habar berdi.
“Howpsuzlyk edaralary gorky döretmek we ýaralananlara bejergi berilmeginiň öňüni almak maksady bilen lukmanlary tussag etdiler we wagtlaýyn lukmançylyk jaýlaryna hüjüm etdiler” diýip, topar habarly çeşmelerine salgylanyp aýtdy.
Repressiýa döwründe şikes ýeten adamlar barada goşmaça maglumatlar ýüze çykdy.
Eýranyň ýarym resmi ISNA habar agentligi Tähranyň Farabi hassahanasynyň başlygy Kasem Fahraýiniň sözlerine galgylanyp, 9-njy ýanwarda göz şikesleri bilen keselhana ýüz tutan hassalaryň sanynyň 1000 töweregine ýetendigini, öňki günlerde okdan şikes alanlaryň sanynyň 55 adam töwereginde bolandygyny habar berdi. Hassalar üçin ýer sanynyň çäkliligi sebäpli 200 töweregi ýaralanan adam başga hassahanalara geçirilipdir.
Hasahananyň baş şepagat uýasy Merýem Sabbaginiň aýtmagyna görä, keselhanadaky ähli ýerler doldurylypdyr, başga bir edaradan wagtlaýyn düşekler getirilip, hassalar koridorlara ýerleşdirilipdir.
Ýapyklygyň ykdysady täsiri hem has çuňlaşdy.
Eýran-Hytaý Söwda Öýüniň başlygy Majidreza Hariri söwdagärlere resmi gözegçilik astynda günde diňe 20 minut internete girmäge rugsat berlendigini, munuň söwda üçin ýeterlik däldigini aýtdy. Eýranyň Kompýuter Söwda Guramasynyň başlygy Ali Hakim-Jawadi, internetiň petiklenmeginiň günde 20–30 trillion rial (häzirki erkin bazar kursy boýunça 18–28 million dollar) möçberinde zyýan ýetirýändigini aýtdy.
Aýratynlykda, Mugallymlaryň Söwda Assosiasiýalarynyň Koordinasion Geňeşi ygtybarly çeşmelerden alan maglumatlaryna salgylanyp, repressiýa wagtynda öldürilen 40-dan gowrak okuwçynyň adyny çap etdi. Eýrandaky garaşsyz mugallymlar birleşigi sanawyň tapgyrlaýyn täzelenjekdigini aýdýar.
Zorluk Eýranyň içinde ýokary derejeli sünni ruhany tarapyndan tankyt edildi. Zahedandaky juma namazynyň ýolbaşçysy Molawi Abdolhamid Esmailzehi öldürmeleri "systematiki gyrgynçylyk" diýip atlandyrdy.
"Bu betbagtçylyk Eýranyň halky bilen häkimiýet başyndaky häkimiýetiň arasynda çuňňur we düzedip bolmajak bölünişik döretdi" - diýip ruhany aýtdy.
Eýranda şaýylar aglaba köpçüligi emele getirýär. Ilatyň takmynan 90 göterimi yslam dininiň şaýy şahasyna degişli. Soňky statistiki maglumatlara görä, ýurduň sünni azlygy ilatyň 5-10 göterimini düzýär.