Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda parlamentiň başlygy prezidentlige dalaşgär hökmünde hasaba durdy


Mohammad Baker Kalibaf
Mohammad Baker Kalibaf

Eýranda parlamentiň başlygy we ozalky harby serkerde Mohammad Baker Kalibaf 28-nji iýunda geçmeli prezidentlik saýlawlaryna dalaşgär hökmünde hasaba alyndy. Ol şeýle-de ýene 30 töweregi dalaşgär, esasan hem aşa berk syýasatyň tarapynda çykyş edýänler, maýyň ortasynda dikuçar heläkçiliginde ýogalan Ebrahim Raisiniň ornuny tutmak ugrunda arza tabşyrdylar.

Kalibaf 3-nji iýunda hasaba durdy. Bu gün mümkin dalaşgärleriň arza bilen ýüz tutmagy üçin ahyrky möhletdi.

Indi konserwatiw Goragçylar Geňeşi dalaşgärleri seljerer we 11-nji iýunda kimleriň saýlawlara goýberilendigini yglan eder. Bu geňeşiň 12 agzasy bolup, olar ýokary ruhany lider Aýatollah Ali Hameneýi tarapyndan tassyklanylýar. Geňeş, umuman, diňe Hameneýe ýaraýjak dalaşgärleri hasaba alýar.

Synçylaryň pikiriçe Kalibaf öňümizdäki prezidentlik saýlawlarynda öňdebaryjy dalaşgärleriň biri bolup biler.

62 ýaşly Kalibaf ozal üç gezek, ýagny 2005-nji, 2013-nji we 2017-nji ýyllardaky prezidentlik saýlawlarynda hem dalaş edipdi.

Ol 1997-2000-nji ýyllar aralygynda Eýranyň Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusynyň komandiri, 2000-05-nji ýyllar aralygynda ýurduň polisiýa başlygy we 2005-17-nji ýyllarda paýtagt Tähranyň häkimi bolupdy.

Köp tankytçy Kalibafy 2003-nji ýyldaky hökümete garşy protestleri gazaply basyp ýatyrmakda aýyplaýar.

XS
SM
MD
LG