Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda polisiýa başlygy 2022-nji ýyldaky protestlerde demonstranty öldürmekde günäli tapyldy


2022-nji ýylda polisiýanyň tussaglygynda ýogalan Mahsa Amaniniň ölümi sebäpli geçirilen köpçülikleýin protestlerden bir pursat.
2022-nji ýylda polisiýanyň tussaglygynda ýogalan Mahsa Amaniniň ölümi sebäpli geçirilen köpçülikleýin protestlerden bir pursat.

Eýranyň sudy 2022-nji ýylda ýurt boýunça geçirilen köpçülikleýin protestleriň dowamynda bir adamy öldürmekde günäli tapylan polisiýa başlygyny, ölüm jezasyna höküm etdi. Bu barada 27-nji martda ýerli media habar berdi.

Jafar Jawanmardi 2022-nji ýylyň dekabrynda tussag edilipdi. Ol ýurduň berk hijap düzgünlerini bozmakda aýyplanyp, soňy bilen polisiýanyň tussaglygynda ýogalan Mahsa Amaniniň ölümi sebäpli geçirilen köpçülikleýin protestleriň dowamynda, bir demonstranty öldürmekde aýyplandy.

Jawanmardi “Yslamyň kanunlaryna laýyklykda... bilkastlaýyndan adam öldürmek bilen bagly” ölüm jezasyna höküm edildi diýip, janyna kast edilen pidanyň maşgalasynyň aklawçysy aýtdy.

XS
SM
MD
LG