Ýanwar aýynda Eýranyň merkezi bölegindäki Yspyhan şäherinde protestlere gatnaşanlaryň kazyýet işi 10 adama ölüm jezasynyň berilmegi bilen tamamlandy. Bu adyýaman işden habarly çeşmeler gynamalar, zorlamak bilen haýbat atmalar we kazyýet işindäki aç-açan düzgün bozulmalar barada täze maglumatlary mälim etdiler.
Ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen kazyýet işini jikme-jik bilýän üç çeşme Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugyna, ýagny Radio Farda hökümleri çykaran kazylaryň aklawçylaryň delilleri hödürlän mejlislerine gatnaşmandygyny aýtdy.
Şol mejlislerde aýyplanýanlar özleriniň gynalandygy barada elhenç görkezmeleri beripdirler. Olaryň arasynda bir sülçini jyns agzalaryna elektrik toguny bermekde aýyplan erkek adam hem bar.
Howpsuzlyk sebäpli çeşmeleriň şahsyýetleri aýan edilmeýär.
«Hudaýa garşy uruş»
Kazyýet işi 8-nji ýanwarda Yspyhanda geçirilen protestlerde Yslam rewolýusiýasynyň goragçylar korpusynyň (IRGC) polkownigi Abbas Kamraniniň we bir öýsüz adamyň öldürilmegi bilen bagly.
Aýyplanýanlara «moharebe», ýagny «Hudaýa garşy uruş alyp barmak», şeýle hereketlere ýardam bermek, «moharebe» derejesine barabar hasaplanýan jemgyýetçilik emlägini weýran etmek, ýygnanyşmak we dildüwşük guramak, şeýle hem Yslam respublikasyna garşy wagyz alyp barmak aýyplamalary bildirildi.
Işe kazylar Morteza Barati we Mohammad Reza Tawakoli seredipdirler. Tawakoli agyr hökümleri bilen tanalýar. Onuň 2024-nji ýylda meşhur rep aýdymçysyna ölüm jezasyny bermegi dünýäde uly nägilelik döredipdi.
Emma hökümleri mejlislere gatnaşmadyk kazy Mahmud Kazemzade we Mohammad Wakil atly geňeşçi çykarypdyr.
Aklawçylaryň we hukuk mugallymlarynyň hem gatnaşmagynda üç hukuk bilermeni Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna hökümleriň işe sereden kazylar tarapyndan çykarylmazlygynyň Eýranyň kanunlaryny bozýandygyny aýtdy. Olaryň hem şahsyýetleri aýan edilmeýär.
Urmak we gorkuzmak
Farda gullugynyň ele salan kazyýet resminamalarynyň seljermesi hökümleri çykarmak üçin ulanylan delilleriň arasynda aýyplanýanlaryň özlerine we biri-birine garşy beren görkezmeleriniň bolandygyny görkezýär.
Ýogsam, aýyplanýanlar kazylar Barati bilen Tawakolä bu görkezmelerinden ýüz öwürýändiklerini aýdypdyrlar. Olaryň sözlerine görä, görkezmeler urulmagyndan, elektroşoker ulanylmagyndan, zorlamak we jynsy zorluk bilen haýbat atylmagyndan soň mejbur edilip alnypdyr.
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy mundan öň hem aýyplanýanlaryň köpüsiniň maşgalalarynyň olaryň türmede gynalandygyny we boýun almaýan aýyplamalaryny boýun almaga mejbur edilendigini aýdandyklaryny habar beripdi.
Çeşmeleriň beren täze maglumatlary aýyplanýanlaryň kazyýetde nähili gorkuzylandygyny we delil hödürlemegine nähili päsgel berlendigini açyp görkezýär.
«Ýaşlar biri-birini goldap çykyş etmek üçin ýerinden turanlarynda, kazy olary gorkuzýardy, haýbat atýardy we gürlemäge rugsat bermeýärdi. Olaryň biri-biriniň peýdasyna beren görkezmelerini kabul etmeýärdi» diýip, çeşmeleriň biri aýtdy.
Bu maglumaty başga bir çeşme hem tassyklady.
Çeşmeleriň aýtmagyna görä, Barati aýyplanýanlara «gynamak» sözüni ulanmagy ençeme gezek gadagan edipdir we ony kazyýet mejlisiniň teswirnamasyndan aýyrdypdyr.
Habarlara görä, ol aýyplanýanlara: «Gynalandygyňyzy aýtsaňyz, IRGC siziň üstüňizden şikaýat eder» diýipdir.
Kazyýetdäki ýüzi örtükli adamlar
Farda gullugynyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, kazyýet mejlislerine ýüzlerini örtüp, başgap geýen 12 erkek gatnaşypdyr.
«Olar bu ýaşlary soraga çeken adamlardy. Iş boýunça aklawçylar olaryň gorky döredýändigini aýdyp, kazyýetde bolmagyna ençeme gezek garşy çykdylar. Ýaşlar şol adamlaryň özlerini gynandygyny we olardan gorkýandyklaryny aýdýardylar. Emma Barati bilen Tawakoli bu nägileliklere üns bermediler» diýip, bir çeşme aýtdy.
Birnäçe aýyplanýan, şol sanda ekiz uýalar Tarane we Romina Rahimi kazyýetde şaýat hökmünde çykyş eden adamlary özlerini urmakda aýypladylar. Maşgalasynyň maglumatyna görä, Tarane ölüm jezasyna, Romina bolsa 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdir.
Habarlara görä, Faridunizade ady bilen hem tanalýan beýleki bir aýyplanýan Mohammad Faridani kazyýetde şeýle diýipdir: «Bu adam meniň ýumurtgajyklaryma we boýnuma elektrik toguny berdi. Gynalandygymy aýtmak üçin sülçiniň gelmegine garaşýardym. Emma sülçiniň özi meni urdy».
«Aýyplanýanlaryň iň bolmanda biri jynsy zorluga sezewar edildi» diýip, bir çeşme Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Bu işiň ýene bir aýratynlygy jübi telefonyndaky wideolaryň delil hökmünde ulanylmagy boldy. Aklawçy kazyýetde Tarane Rahiminiň telefonyndan alnandygy öňe sürülýän wideonyň aslynda sosial ulgamlardan göçürilendigini aýtdy. Prokuror wideonyň möhüm däldigini aýdyp jogap berdi, emma soňra ol Rahimä garşy çykarylan hökümiň esaslarynyň arasynda görkezildi.
Farda gullugynyň çeşmelerine görä, kazyýetde ýene bir wideo görkezilipdir. Aýyplaýjy tarap onda Romina Rahiminiň içinde «Molotow kokteýli» bolan sumkany başga bir protestçä berýändiginiň görünýändigini öňe sürüpdir.
«Şol bir wideony delil hökmünde üç gezek görkezdiler, emma onda beýle zat görünmeýärdi. Ahyrsoňunda hiç zady subut edip bilmediler» diýip, bir çeşme aýtdy.
Bu wideo hem soň çykarylan hökümiň esaslarynyň arasynda görkezildi.
Aklawçylar hökümleriň üstünden şikaýat etdiler, emma olaryň netijeli bolmak mümkinçiligi näbelli.
Bu kazyýet işi Yslam respublikasynda başgaça pikirlenýänlere garşy basyşlaryň güýçlenýän wagtyna gabat gelýär. Häkimiýetler ýurtda aklawçylary, aktiwistleri, žurnalistleri we intellektuallary türmä basýarlar.
Basyşlaryň güýçlenmegi ýanwar aýynda Eýranyň dini ýolbaşçylaryna garşy geçirilen köpçülikleýin protestlere hem-de fewralyň ahyrynda ABŞ we Ysraýyl güýçleriniň Eýrana hüjüm etmegi bilen başlanan, häzir hem dowam edýän çaknyşyga gabat geldi.
Forum