Eýrandaky protestler 7-nji ýanwarda tapgyr 11-nji gije dowam eden mahaly, ýurduň dürli şäherlerindäki internet ulanyjylary Internet üpjünçiliginiň haýal we durnuksyzdygyny habar berdiler.
Tähranda, Karajda, Isfahanda, Şirazda, Maşatda we Tabrizde öý we mobil internet ulgamlarynda uly bökdençlikleriň ýa-da gysga wagtlyk kesilmeleriň bolýandygy habar berildi.
Tehnologiýa habarlaryny çap edýän CITNA web sahypasy Eýranyň dürli şäherlerinde internete elýeterliligiň hiliniň ep-esli pese gaçandygyny, şeýle-de Tähranda we Karajda messenjer programmalarynyň we internet arkaly jaňlaryň ulanylmagynyň kesilendigini mälim etdi.
ABŞ-da ýerleşýän “Mian” toparynyň sanly hukuklar we howpsuzlyk boýunça direktory Amir Raşidi Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy Farda radiosyna beren maglumatynda Eýran hökümetiniň internete elýeterliligi kesmäge taýýarlanýandygyny aýtdy.
Eýranyň hökümeti 2025-nji ýylyň iýun aýynda Eýran bilen Ysraýylyň arasyndaky 12 günlük uruşda öz raýatlarynyň global internete elýeterliligini kesdi. Şonda Internetiň hili, iki ýurduň arasyndaky ok atyşyk bes edilenden soň hem birnäçe hepdeläp kadaly ýagdaýa gelmedi.