Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda internet baglandy, protestçileriň sany köpelýär


Eýranyň Ýokary lideri Aýatolla Ali Hameneýi halky "agzybirlige" çagyrdy.
Eýranyň Ýokary lideri Aýatolla Ali Hameneýi halky "agzybirlige" çagyrdy.

Eýranda hökümete garşy bildirilýän köpçülikleýin protest çykyşlary dowam edýär. Günbatar we arap metbugatynyň şaýatlara salgylanyp berýän maglumatlaryna görä, 8-nji ýanwarda protestçileriň sany ýene-de köpeldi. Şol sanda, Tährandaky protestçileriň hem sanynyň artandygy habar berilýär.

Howpsuzlyk güýçleri bilen bolýan çaknyşyklar ýene-de gaýtalandy. Hökümet binalarynyň otlanýandygy habar berilýär.

Protestler 2025-nji ýylyň aýagynda, ýurtda dörän ykdysady kynçylyklaryň çuňlaşmagy netijesinde başlandy. Ilki başda olaryň esasy hereketlendiriji güýji köçe söwdagärleri boldy.

Soňra proteste studentler we beýleki şäher ýaşaýjylary, esasan ýaşlar goşuldy. Netijede, şäherleriň köçelerinde Yslam Respublikasynyň režimine garşy aýdylýan şygarlar barha köp ýaňlanyp başlady.

Şaýatlar "Roýters" agentligine Tähranda, Maşatda we Isfahanda uly protest çykyşlarynyň bolandygyny habar berdiler. Eýranyň 1979-njy ýylda agdarylan şasynyň bosgunlykda ýaşýan ogly Reza Pehlewi daşary ýurtdan protestleriň dowam etdirilmegine çagyrdy.

Eýranyň Ýokary derejeli lideri Aýatolla Ali Hameneýi anna güni öz tarapdarlaryna gysgaça söz bilen ýüzlendi. Ol adamlary "agzybirlige" çagyrdy, protestçileriň arasynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň “göwnüni awlamak” isleýän "bozgaklaryň" hem bardygyny belledi.

Adam hukuklary aktiwistleriniň habar agentliginiň (HRANA) maglumatyna görä, çaknyşyklarda azyndan 34 protestçi, şeýle-de howpsuzlyk güýçleriniň dört ofiseri öldürilip, 2000-den gowrak adam tussag edildi.

Eýrandaky halk protestleri on gün bäri dowam edýär, howpsuzlyk güýçleri demonstrasiýaçylary göni oka tutýar, adamlar "Hameneýe ölüm!" diýip gygyrýarlar.

XS
SM
MD
LG