Eýranly belli reformist syýasatçy, häzir Tähranyň adyýaman Elwin türmesinde saklanylýan Mostafa Tajzadeh Eýranda geçirilen soňky saýlawlary ýiti tankytlap, bulary ýurduň başyndakylaryň “taryhy şowsuzlygy” diýip atlandyrdy.
Tajzadehiň Telegram kanalynda 5-nji martda çap bolan hatda, ol bu şowsuzlyga ýurduň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýiň jogapkärdigini aýdyp, ýurduň häzirki çökgünlik ýagdaýa düşmegine onuň alyp barýan hem içerki, hem-de daşarky syýasatynyň sebäp bolandygyny belledi.
Eýranda 1-nji martda Mejlise we ýokary ruhany lideri saýlaýan Bilermenler Geňeşine saýlawlar geçdi. Bu 2022-nji ýylyň sentýabrynda 22 ýaşly Mahsa Amininiň polisiýanyň tussaglygynda ýogalmagyndan soň, tutuş ýurt boýunça tutaşan köpçülikleýin protestlerden bäri geçirilen ilkinji saýlawlar boldy. Mahsa Amini hamala yslam egin-eşik talaplaryny bozmakda aýyplanyp saklanypdy.
Tajzadeh bellikleri bilen soňky saýlawlara ses berijileriň has az sanda gelmegini, ýagny gatnaşygyň ýurduň taryhyndaky iň pes – 41% bolmagyny göz öňünde tutdy. Ol saýlaw resmileriniň käbir sesleri göz öňünde tutmandyklaryny hem aýtdy.
Ol Hameneýini eýranlylaryň arasyndaky barha artýan nägileligi saýgaryp bilmezlikde we olara oňaýly netije hödürlemezlikde aýyplady.