Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda Ysraýylyň bähbitlerine ‘içalyçylykda’ aýyplanyp, dört etniki kürt jezalandyrylyp öldürildi


Şahslaryň dördüsi-de 2022-nji ýylyň iýulynda tussag edildi we sentýabrda ölüme höküm edildi.
Şahslaryň dördüsi-de 2022-nji ýylyň iýulynda tussag edildi we sentýabrda ölüme höküm edildi.

29-njy ýanwarda Eýranda dört sany etniki kürt Ysraýylyň bähbitlerine içalyçylyk etmekde günäli tapylyp, jezalandyrylyp öldürildi. Bu barada ýurduň adalat ulgamy habar berdi.

Onuň maglumatyna görä, gürrüňi gidýän dört şahs Ysraýyla ýurduň Isfahan welaýatyndaky goranyş pudagyna degişli bir merkeze partladyjylary ýerleşdirmäge hemaýat bermekde aýyplanypdyr.

Olaryň dördüsi-de 2022-nji ýylyň iýulynda tussag edildi we sentýabrda ölüme höküm edildi.

Hukuk toparlary Eýrany, ölüm jezalarynyň syýasy matlaplydygyny aýdyp, Tährany bu tejribeden el çekmäge dowamly çagyryş edip gelýärler.

XS
SM
MD
LG