ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana garşy urşy başlany bäri Täjigistan Eýran harytlarynyň ýurda getirmekde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Ýerli telekeçiler olary wagtynda alyp bilmeýändiklerini aýdyp, olaryň görnüşleriniň azalandygyny we bahalarynyň ýokarlanandygyny belleýärler. Täjigistana gelen eýranly ýük ulaglaryň sürüjileri ýurtdan çykmakda kynçylyklara duçar boldular.
Azam Ýunusowyň Duşenbedäki dükanynyň tekjeleriniň bir bölegi ozal Eýran harytlary bilen hyryn-dykyn doludy. Telekeçi ABŞ-nyň we Ysraýylyň Eýrana garşy hüjümleri başlany bäri öz müşderileriniň arasynda uly höwes bilen talap edilýän goňşy ýurt önümlerini wagtynda alyp bilmeýändigini aýdýar. Şeýle-de, ol bu önümleriň görnüşleriniň hem ep-esli azalandygyny belleýär.
"Häzirki wagtda biz ätiýaçdaky Eýran harytlaryny satýarys, şonuň üçin olaryň bahalary üýtgemedi. Olar şol bir derejede saklanýar" diýip, Azam Ýunusow aýdýar.
Emma beýleki täjik telekeçileri özara söhbetdeşlikde logistika meseleleriniň bahalaryň ýokarlanmagyna getirendigini boýun alýarlar. Müşderiler hem muny tassyklaýarlar.
"Men öň kir ýuwýan poroşogy 50 somoniýa satyn alýardym. Häzir 65 somoniý bahalanýar. Bir hepde bäri şeýle" diýip, alyjy Zulfiýa Sultonowa belleýär.
Eýranly ýük awtoulaglarynyň gelýän gümrük gözegçiligindäki duralgada ýük awtoulaglarynyň üýşüp durandygyny görse bolýar. Sürüjileriň aýtmagyna görä, Eýrandan Täjigistana eksport togtadylmady, ýöne ýurda gelýän agyr ýük ulaglarynyň sany ep-esli az.
"Hiç kim bize soňky netijäniň nähili boljakdygyny aýtmaýar"
Ýük ulag sürüjileri Ýakyn Gündogarda uruş başlanaly bäri Täjigistandan Eýrana eksport etmek meselesiniň kynçylyklara duçar bolýandygyny aýdýarlar. Eýrandan gelýän ýük ulaglara pagta ýüklenipdi, ýöne ýük iberijiler üç hepde bäri olaryň gitmegine rugsat bermeýärler. Şol sebäpli Eýrandan gelen ýük ulaglar birnäçe hepde bäri saklanyp dur.
"Bu kompaniýanyň hasap-fakturasy, şonuň esasynda ýüki kabul etdik. Şeýle hem, onda senesi hem görkezilýär. Näçe gezek sorasak-da, hiç kim bize soňky netijäniň nähili boljakdygyny aýtmaýar. Biz 17-18 gün bäri garaşýarys we bize hiç kim jogap bermeýär" diýip, eýranly sürüji Muhsin Koşoni aýdýar.
Düzgünlere görä, ýük iberiji telekeçi ýük ulagyň gümrük gözegçiligi zolagynda saklanmagy bilen bagly tölegi tölemeli we sürüjä ýük resminamalaryny bermeli. Ýöne sürüjileriň aýtmagyna görä, telekeçiler haryt ýüklenenden gysga wagt soň ýitip gitdiler we telefon jaňlaryna jogap bermeýärler.
"Biz olar bilen awtoduralga tölegi barada gürleşýäris. Olar ‘bu bize degişli däl’ diýýärler. Biz olara ‘biz bu ýerde hiç zat etmän durýarys, siz bize awtoduralga tölegini tölemeli’ diýýäris. Emma hiç kim tölemeýär. Biz serhetde 15 günläp durduk we indi 18 gün bäri bolsa şu ýerde durýarys" diýip, Muhsin Koşoni aýdýar.
Gümrük gözegçiligi zolagyndaky awtoduralga "Tajikwneştrans" kompaniýasyna degişli. Kompaniýanyň wekili ikiçäk söhbetdeşlikde kompaniýanyň jogapkärçiliginiň diňe ýük iberijileri ulag bilen üpjün etmek bilen çäklenýändigini aýtdy.
Wekiliň sözlerine görä, ýük eýeleriniň biri Eýrandaky uruş sebäpli özüne tölegiň geçirilmändigini we şol sebäpli sürüjiler üçin zerur resminamalary alyp bilmeýändigini aýdypdyr.
"Ýüz tutmaga ýer-de ýok"
"Häzir bu ýerde 50 töweregi sürüji bar. Käbirleri Eýrandan, käbirleri Türkiýeden. Biz Nowruzdan 5-10 gün öň geldik. Biz ýükleri ýükledik. Emma hiç kim bize hiç hili resminama bermeýär. Häzir hem hiç kim jogap bermeýär. Olar ýük eýesiniň ýokdugyny aýdýarlar. Hiç hili resminama bolmazdan 20-25 gün, käbirleri hatda 15 gün bäri [şu ýerde]. Olar näme etmelidigini bilmeýärler we ýüz tutmaga ýer-de ýok" diýip, başga bir eýranly sürüji Riza Husrawi gaharlanýar.
Ýük ulaglaryň sürüjileri gümrük gözegçiligi zolagynda göz öňünde tutulandan bir gün artykmaç durmagyň 100 dollardan 150 dollara çenli düşýändigini, şeýle-de 15 günden soň, Täjigistanda her bir nobatdaky gün üçin 70 dollar jerime salynýandygyny hem gürrüň berdiler. Bu tölegler tölenmese, olar serhetden geçip bilmeýärler.
Ykdysatçy Hojimuhammad Umarow Ýakyn Gündogardaky konflikt uzaga çekse, Duşenbe bilen Tähranyň arasyndaky söwdanyň ep-esli azaljakdygyna we munuň bolsa Täjigistanyň ykdysadyýetine täsir etjekdigine ynanýar.
"Biziň Eýranyň üsti bilen arap ýurtlary — Katar, Saud Arabystany, Kuweýt we Bahreýn bilen ykdysady gatnaşyklarymyz bardy. Bu, Gazagystan we Russiýa bilen deňeşdirip boljak derejede uly haryt akymydy. Eger ýagdaý tiz wagtda üýtgemese we uruş dowam etse, bu Täjigistanda bahalaryň ýokarlanmagyna getirer" diýip, Hojimuhammad Umarow çaklaýar.
Eýran Täjigistanyň hyzmatdaşlarynyň arasynda söwdanyň göwrümi boýunça bäşinji orny eýeleýär. 2025-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 480 million dollardan geçdi.
Bu möçberiň takmynan 77 göterimi (370 million dollar) Eýranyň eksportyndan gelýär. Täjigistan Eýrandan azyk, himiki maddalar we gurluşyk materiallaryny satyn alýar we esasan pagta we alýumini eksport edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum