Eýranyň merkezi Isfihan şäheriniň sudy Mahmud Mehrabini sosial torlarda yslam respublikasy barada tankydy ýazgylary galdyrany üçin, ölüm jezasyna höküm etdi.
Onuň postlarynda ýerleşdiren ýazgylary barada az maglumat berilýär. Onda-da oňa Eýranda uly jenaýat hasaplanýan – “Dünýä ýüzündäki korrupsiýa” diýen aýyplama ýöňkeldi.
Mehrabiniň aklawçysy Babak Farsaniniň 5-nji maýda sosial torlarda galdyran maglumatyna görä, höküm bilen bagly “möhüm meseleler” bolup, ol bu ýagdaýlaryň kararyň Ýokary Kazyýet tarapyndan ýatyrylmagyna sebäp bolup biljekdigine umyt edýär.
Mehrabi 2023-nji ýylyň fewralynda tussag edilipdi.