Eýranda dini ylymlar boýunça belli alym we syýasy aktiwist Sedigheh Wasmaghi raýat eşigindäki howpsuzlyk gulluklary tarapyndan saklandy. Bu barada onuň adamsy 16-njy martda habar berdi.
Ol öýünde üç erkek we bir zenan gullukçy tarapyndan saklandy. Olar munuň üçin suduň höküminiň bardygyny aýtdylar we onuň kompýuterini, dermanlaryny we hasasyny aldylar diýip, adamsy habar berdi. Wasmaghi öňem häkimiýetler tarapyndan soraga çekilipdi.
Wasmaghi Eýrandaky ruhanylaryň häkimiýetiniň ýiti tankytçysy bolup, ol aýallara hijaby mejbury dakdyrmak tejribesine hem açyk garşy çykýar. Onuň sözlerine görä, ol bu mejburlyga protest hökmünde, soňky döwür ençeme ýyl dakynan hijabyny başyndan aýrypdyr.