Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly dissidentler jezalandyryp öldürmek çärelerine garşy açlyk yglan edýärler


Aktiwistler we adam hukuklaryny goraýjylar Kobadlounyň bipolar näsazlygyndan ejir çekendigini aýdyp, onuň jezalandyrylyp öldürilmegini ýazgardylar.
Aktiwistler we adam hukuklaryny goraýjylar Kobadlounyň bipolar näsazlygyndan ejir çekendigini aýdyp, onuň jezalandyrylyp öldürilmegini ýazgardylar.

Eýrandaky we ýurduň daşyndaky aktiwistler ruhanylaryň häkimiýetleriniň adamlary jezalandyryp öldürmek çärelerini güýçlendirmegine garşy protest hökmünde, açlyk yglan etjekdiklerini mälim etdiler. Muňa hususan-da mental diagnozy goýlan 23 ýaşly bir protestçiniň jezalandyrylyp öldürilmegi sebäp boldy.

Eýranda tussaglykda saklanýan Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Narges Mohammadi 25-nji ýanwarda özüniň we başga-da onlarça aýal tussaglaryň Mohammad Kobadlounyň jezalandyrylyp öldürilmegi sebäpli, açlyk yglan edýändiklerini aýtdy. Mundan soň, bu kampaniýa has ýaýrap başlady.

Kobadlou 2022-nji ýylda “Aýallar, Ýaşaýyş, Azatlyk” şygary bilen tutuş ýurt boýunça geçirilen protestleriň dowamynda bir polisiýa işgärini öldürmekde günäli tapyldy we 23-nji ýanwarda jezalandyrylyp öldürildi.

Aktiwistler we adam hukuklaryny goraýjylar onuň bipolar näsazlygyndan ejir çekendigini aýdyp, bu çäräni ýazgardylar.

Kobadlou 2022-nji ýyldaky protestler bilen ilteşikli jezalandyrylyp öldürilen dokuzynjy adam boldy.

XS
SM
MD
LG