Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly pensionerler protestlerini dowam etdirýärler


Eýranly protestçiler
Eýranly protestçiler

Eýranly pensionerler has köp sosial we ykdysady azatlyga çagyryp, ýurduň birnäçe iri şäherinde geçirilen protestleri dikeltdiler.

Şeýle-de, halkara sanksiýalarynyň arasynda ýaşaýyş çykdajylarynyň ýokarlanmagy, inflýasiýa sebäpli, olar öz pensiýa töleglerine yzygiderli goşant goşulmagyny soraýarlar.

Sosial mediadaky habarlara görä, protestler 19-njy iýulda Kermanşah, Ýezd, Şiraz, Hamedan, Ardabil, Karaj, Kazwin we Sanandaj ýaly şäherlerde, pensiýa gaznasynyň ofisleriniň we welaýat binalarynyň daş işiginde geçirildi.

Protestlere gatnaşanlar "başarnyksyz hökümet, utanç, utanç" we "Hukuklarymyzy goraýançak dynç almarys" diýen ýaly şygarlara gygyryp, ýurt ýolbaşçylarynyň ýaşaýyş şertlerini gowulaşdyryp bilmezliklerinden nägileliklerini bildirdiler.

Pensionerleriň demonstrasiýalary hökümetiň ýakynda 3000 000 milliard eýran rialy ýa-da 6 milliard dollar möçberindäki ýetmezçiligi we bergileriniň ýokarlanmagy bilen bagly meseleleri çözmek üçin 18 sany dürli pensiýa gaznasyny birleşdirmek kararyny yglan etmeginiň yz ýanyndan gurnaldy.

XS
SM
MD
LG