Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly studentleriň hökümete garşy protestleri tapgyr üçünji gün dowam etdi

Sosial mediada ýerleşdirilen UGC wideosyndan alnan bu suratda Tähranyň Şarif tehnologiýa uniwersitetinde protest geçirýän studentler görkezilýär.
Sosial mediada ýerleşdirilen UGC wideosyndan alnan bu suratda Tähranyň Şarif tehnologiýa uniwersitetinde protest geçirýän studentler görkezilýär.

Internetde çap edilen we Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy tarapyndan tassyklanan wideolara görä, eýranly studentler ýurduň birnäçe uniwersitetinde hökümete garşy protestleri yzly-yzyna tapgyr üçünji gün geçirdiler.

Täze protestler, häkimiýetleriň geçen aý Eýranyň ruhany häkimiýetlerine garşy tutuş ýurt boýunça geçirilen demonstrasiýalary basyp ýatyrmakda müňlerçe adamy öldürmeginden bäri geçirilýän ilkinji demonstrasiýalardyr.

Täzeden dörän bidüzgünçilikler Eýranyň ABŞ-nyň mümkin bolan harby hereketlerine taýýarlyk görýän mahalyna gabat gelýär.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Tährany protestçilere garşy mundan beýläk zorlukly hereketleriň bolmazlygy barada duýdurdy we ýadro programmasyndan dänmekden ýüz öwürmegi bilen baglanyşykly Yslam respublikasyna hüjüm etmek bilen haýbat atdy.

23-nji fewralda paýtagt Tährandaky azyndan dört ýokary okuw jaýynda, şol sanda Al-Zahra uniwersitetinde, Tähran uniwersitetinde, Şarif tehnologiýa uniwersitetinde we Amirkabir tehnologiýa uniwersitetinde köp sanly student protest geçirdi.

XS
SM
MD
LG