Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranlylar prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ses berýär


Reformaçy, weteran kanun çykaryjy Masud Pezeşkian bilen öňki ýadro gepleşikçisi, berk liniýaly Said Jalili (Ç)
Reformaçy, weteran kanun çykaryjy Masud Pezeşkian bilen öňki ýadro gepleşikçisi, berk liniýaly Said Jalili (Ç)

5-nji iýulda Eýranda prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyryndaky ses berişlikler başlandy, 28-nji iýunda geçirilen ses berişlikde, saýlawa gatnaşygyň rekord derejede pes bolmagy bilen, hiç bir dalaşär açyk ýeňiji diýlip ykrar edilmek üçin ýeterlik boljak goldaw alyp bilmedi.

Maý aýynda bolan dikuçar heläkçiliginde ýogalan Ebrahim Raisiniň ornuna prezident saýlamak üçin geçirilýän saýlaw reformaçy, weteran kanun çykaryjy Masud Pezeşkian bilen öňki ýadro gepleşikçisi, berk liniýaly Said Jaliliniň ikiden birini seçmek meselesini orta çykardy.

Bu saýlaw eýranlylaryň erkinligiň bolmazlygyna, durmuş derejesiniň peselmegine we ykdysadyýetiň pese gaçmagyna garşy göreşýän wagtyna gabat geldi.

Jalili ýokary lider Aýatolla Ali Hameneýiniň Ýokary milli howpsuzlyk geňeşinde şahsy wekiliň wezipesini ýerine ýetirýär. Ol 2007-nji we 2013-nji ýyllar aralygynda Milli howpsuzlyk geňeşiniň sekretary bolup işlän döwründe Täharanyň ýadro programmasy boýunça Günbatar bilen geçirilen şowsuz gepleşiklere gatnaşan eýran wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi.

Ol konserwatiw lageriň berk liniýaly bölegine wekilçilik edýär we hiç wagt saýlanan emeldar bolup islemedi.

Pezeşkian 2008-nji ýyldan bäri parlament agzasy bolup, 2016-njy we 2020-nji ýyllar aralygynda aramlar we reformaçylar kanun çykaryjy guramada köplük bolan wagtynda, spikeriň orunbasary bolup işledi.

Ol Eýranyň aýallaryň boýnuna dakan hijabyny ýa-da yslam baş örtüsi usullaryny sorag astyna aldy we Günbatar bilen gepleşikleriň tarapdarydygyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, ol Yslam respublikasynyň ýörelgelerini goldaýar we saýlanan halatynda Hameneýiniň syýasatlaryna eýerjekdigini aýdýar.

Saýlawyň netijesi ýurtda çynlakaý syýasy üýtgeşikligiň döremegine sebäp boljaga meňzemeýär, ýöne ol 1989-njy ýyldan bäri Eýranyň iň ýokary lideri bolup işleýän 85 ýaşly Hameneýiniň ornuna nähili adamyň geljegine täsir edip biler.

Hameneýiniň halky syýasy guramany goldaýan güýçli Eýran keşbini döretmek üçin eden çagyryşlaryna, saýlawa gatnaşygyň ýokary bolmagy baradaky ýüz tutmalaryna garamazdan, prezident saýlawynyň birinji tapgyryna gatnaşyk 39,9 göterimi görkezip, rekord derejede pes boldy.

Yslam respublikasy öz kanunylygyny saýlawçylaryň ses berişliklere ýokary derejede gatnaşmagy bilen delillendirip gelýär, ýöne soňky saýlawlara gatnaşygyň pes bolmagy we hökümete garşy guralan we güýç bilen basylyp ýatyrylan ganly protestler häzirki ýolbaşçylygyň kanunylygyny kyn ýagdaýa salýar.

Pezeşkian birinji tapgyrda 10,5 million ses alyp, 9,5 million ses alan Jaliliden öňe saýlandy. Şeýle-de ol, 3,4 million sesiň parlament başlygy Muhammad Baker Kalibafa gitmegi bilen, konserwatiw sesleriň bölünmeginden peýda tapdy. Ýöne Kalibaf şondan bäri Jalilini goldaýar.

Emma muňa garamazdan, Kalibafyň goldawçylarynyň ähli sesiniň Jalilä geçjekdigine kepillik ýok, sebäbi olar ýokary derejede bölünen konserwatiw lagerde dürli toparlara wekilçilik edýärler.

Birinji tapgyrda ses berişligi boýkot eden adamlary ikinji tapgyrda ses bermäge hyjuwlandyrmak bilen, Pezeşkianyň kampaniýasy saýlawa gatnaşygyň derejesini ýokarlandyrmaga synanyşýar. Onuň tarapdarlary, öz görüşleri esasynda, Jalili ýaly berk liniýaly şahs häkimiet başyna gelse, onuň administrasiýasynyň repressiw syýasat alyp baryp, Eýrany hasam izolirlemek ähtimallygynyň bardygyny öňe sürýärler.

Jeliliniň tarapdarlary Pezeşkiany Günbatara ýumşak daraýan we Eýranyň ösüşini Günbatar ýurtlary bilen gowy gatnaşyklara bagly, garaşly etjek adam hökmünde häsiýetlendirdiler.

Dissidentler Eýranda geçirilýän saýlawlaryň ne erkin, ne-de adalatlydygyny, mundan öň geçirilen saýlawlaryň hiç bir üýtgeşiklik getirmändigini, sebäbi ahyr netijede bar güýç-kuwwatyň Hameneýiniň ygtyýaryndadygyny aýdyp, ses berişligiň boýkot edilmegini dowam etdirmäge çagyrdylar.

Eýranda ähli döwlet meselesi boýunça ahyrky söz iň ýokary lidere bagly bolup, prezidentiň köp möhüm meselede görnüp duran täsiri bolmaýar.

1988-nji ýylda Tähranyň prokurorynyň orunbasary bolan we, aýdylmagyna görä, syýasy tussaglaryň köpçülikleýin jezalandyrylmagynda oýnan roly sebäpli köp eýranly tarapyndan "Tähranyň gassaby" diýip atlandyrylan Raisi 19-njy maýda bolan dikuçar heläkçiligi wagtynda, daşary işler ministri Huseýin Amir-Abdollahian we başga-da birnäçe resmi bilen bilelikde aradan çykdy.

Forum

XS
SM
MD
LG