Orsýetiň oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny tarapyndan esaslandyrylan Korrupsiýa garşy göreş gaznasy anneksiýa edilen Krymyň günortasynda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin üçin gurlan "täze köşgi" tapandygyny öňe sürýär.
Bu maglumat FBK-niň 30-njy dekabrda çap edilen derňew hasabatynda aýan edildi.
"Bu gizlin emläk gudrat bilen jemgyýetçiligiň nazaryndan daşarda galdy, ýöne biz ony tapdyk, onuň Putine degişlidigini subut etdik we şu gün biz bu ýeriň nähili görünýändigini hem görkezeris" diýip, FBK-nyň hasabatynda aýdylýar.
Derňewde "köşgüň" aslynda Ukrainanyň öňki prezidenti, 2014-nji ýylda Maýdanda bolan köpçülikleýin protestler netijesinde wezipesinden çetleşdirilip, Orsýete gaçan Wiktor Ýanukowiç üçin gurlan kaşaň tomusky ýaşaýyş jaýynyň ýerinde gurlandygy öňe sürülýär.