Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa Azerbaýjanda içalyçylykda şübhelenip saklanan raýatynyň boşadylmagyny talap edýär


Azerbaýjanyň kartasy
Azerbaýjanyň kartasy

9-njy ýanwarda Fransiýa Azerbaýjany bir fransuz raýatyny eden-etdilikli ýagdaýda saklamakda aýyplady we onuň dessine azat edilmegini talap etdi.

Mundan öň, Fransiýanyň Bakuwdaky ilçisi 4-nji dekabrda gürrüňi gidýän fransuz raýatynyň içalyçylykda şübhelenip tussag edilendigini mälim etdi.

Fransiýanyň Daşary işler ministrligi Reuters habar gullugyna ýollan beýanatynda, fransuz raýaty Martin Rýanyň saklanandygyny tassyklady.

“Biz onuň maşgalasy bilen ýakyndan habarlaşýarys. Şeýle-de Fransiýanyň Bakuwdaky ilçihanasy, konsullyk goragy tagallalarynyň çäginde, watandaşymyzyň ýanyna iki gezek baryp bildi” diýip, ministrlik habar berdi.

XS
SM
MD
LG