Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýadan deportasiýa edilen özbek erkegi  ýurdunda tussag edildi


39 ýaşyndaky Muhsinjon Ahmedow deslapky tussaghana ýerleşdirildi
39 ýaşyndaky Muhsinjon Ahmedow deslapky tussaghana ýerleşdirildi

Sentýabr aýynda Fransiýadan deportasiýa edilen özbek erkegi Özbegistanda terrorçylyk we gaçakçylyk aýyplamalary esasynda tussag edildi diýip, onuň ejesi 22-nji noýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna habar berdi.

Muhsinjon Ahmedow Özbegistany 2016-njy ýylda, özbek häkimiýetleri onuň garşysyna açylan derňew işine başlamazynyň öň ýanynda terk etdi.

Ahmedow 2019-njy ýylda Fransiýa baryp, ýerli häkimiýetlerden gaçybatalga sorady.

Ol deportasiýa edilende, gaçybatalga sorap ýazan arzasy boýunça şindi belli bir karar çykarylmandy.

Düýbi Fransiýada ýerleşýän Merkezi Aziýa Adam hukuklary assosiasiýasynyň prezidenti Nadejda Ataýewa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Ahmedowyň Özbegistanda esassyz tussag edilmek we galp aýyplamalar esasynda aýyplanmak ähtimallygynyň ýokary bolup durýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG