Duşenbe kazyýeti şu ýylyň oktýabr aýynda Fransiýadan deportasiýa edilen Parwiz Zoirowy 13 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.
Zoirowyň howpsuzlyk sebäpli ady aýdylmaýan ýakyn garyndaşy bu maglumaty 22-nji dekabrda Ozodi radiosyna ýetirdi.
Onuň sözlerine görä, kazyýet seljermesi 12-nji dekabrda, paýtagtyň Ismoili Somoni etrap kazyýetinde tamamlandy. Zoirow ekstremizm we hakyna tutulma aýyplamalary boýunça günäli tapyldy.
Resmiler hökümiň jikme-jiklikleri barada maglumat bermediler. Derňewiň we kazyýet işiniň ýagdaýlary, şeýle hem Parwiz Zoirowyň aýyplamalar babatynda eýelän pozisiýasy belli däl.
Garyndaşynyň aýtmagyna görä, Zoirow 2022-nji ýylda Belarus arkaly Litwa gidipdir we soňra şu ýylyň başynda Germaniýa barypdyr.
"German häkimiýetleri, Duşenbäniň haýyşy boýunça, onuň bilen söhbetdeş boldular. Ol, Täjigistana iberilmezlik üçin, Fransiýa gitdi. Ol ýerde ol tussag edilip, 55 gün Nisse şäherindäki tussaghanada saklandy, soňra bolsa ol Täjigistana deportasiýa edildi" diýip, garyndaşy aýtdy.
Soňky on ýyl gowrak wagtyň dowamynda Ýewropa ýurtlaryndan gaçybatalga soran täjik raýatlarynyň birnäçesi deportasiýa edildi we öz ýurtlarynda uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.