Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Freedom Now" Ömruzak Omarkulyýewiň azat edilmegine çaýgyrýar


Ömruzak Omarkulyýew
Ömruzak Omarkulyýew

"Freedom Now” guramasy türkmenistanly student Ömruzak Omarkulyýewiň aldaw ýoly bilen ýurduna getirilip, tussag edilenine 2 müň gün bolandygyny aýdýar we onuň haýal etmän, hiç bir şert goýmazdan azatlyga çykarylmagyna çagyrýar.

1985-nji ýylda doglan Omarkulyýew, guramanyň maglumatyna görä, 2018-nji ýylyň 15-nji martynda näbelli aýyplamalar esasynda saklanyp, 20 ýyl tussaglyga höküm edildi.

Azatlygyň ozal ençeme gezek harbar berşi ýaly, Ömruzak Omarkulyýew tutulmazyndan ozal Türkiýede inženerçilik ugrundan bilim alýardy we türkmenistanly studentleriň raýdaşlyk guramasyny döredeninden soň, aldaw ýoly bilen Türkmenistana getirildi we garaşsyz neşirler bilen aragatnaşyga çykmagyny bes etdi.

XS
SM
MD
LG