Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G7 ýurtlary Ukraina 50 milliard dollar bermek ylalaşygyna geldi


G7 ýurtlarynyň liderleri Ukraina karz görnüşinde 50 milliard dollar bölüp bermek barada ylalaşyk gazandylar, bu serişdeler Russiýanyň doňdurylan emläklerinden alynýan girdejileriň hasabyna ýapylar.

Bloomberg” neşiriniň söhbetdeşi bu ylalaşygyň tehniki meseleleriniň 13–14-nji iýunda geçiriljek G7 sammitinden soň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.

“Bloombergiň” ýazmagyna görä, bölünip beriljek serişde Ukraina şu ýylyň, ýagny 2024-nji ýylyň ahyryna çenli berler.

XS
SM
MD
LG