Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gadagan edilen täjik oppozisiýa toparynyň lideri Türkiýede ýitirim boldy


Suhrob Zafar
Suhrob Zafar

“Topar 24” atly täjik oppozision hereketiniň lideri Suhrob Zafar Türkiýede ýitirim boldy. Bu barada 11-nji martda toparyň aktiwistleri habar berdiler we onuň bilen iki gün bäri habarlaşyp bilmeýändiklerini aýtdylar.

Zafar 2014-nji ýyldan bäri Türkiýede ýaşaýardy. Aktiwistleriň sözlerine görä, soňky birnäçe hepde bäri näbelli şahslar Zafara jaň edip, ýakyn wagtda ony alyp gaçjakdyklaryny we Täjigistana äkitjekdiklerini aýdyp, haýbat atypdyrlar.

Geçen aý, hereketiň ýene bir aktiwisti Nasimjon Şarifow Stambulda ýitirim boldy. Ol entegem tapylmady.

2015-nji ýylda hereketiň esaslandyryjysy, telekeçi Umarali Kuwatow Stambulda janyna kast edilende, heläk boldy.

XS
SM
MD
LG