Täjigistanyň Din işlerini we däp-dessurlary düzgünleşdirmek baradaky komiteti raýatlary haja gitmekde araçy wadalaryna aldanmazlyga we resmi däl ýollary ulanmakdan saklanmaga çagyrdy.
Komitet bellenen tertip-düzgünlere eýermän zyýarat etmek synanyşyklarynyň getirýän agyr netijeleri barada öňem duýduryş edipdi.
Täze duýduryş 8-nji aprelde, Saud Arabystanynda galan täjik raýatlary barada ýaýradylan habaryň fonunda edildi.
Komitetiň maglumatyna görä, ol adamlar haj zyýaratyny guramakda berlen kömek wadasy bilen ýola çykyp, galplygyň pidasy bolupdyrlar. Aldanan zyýaratçylar indi degişli komitet we Saud Arabystanyndaky täjik ilçihanasy bilen habarlaşyp, ýurda dolanmakda kömek berilmegini soraýarlar.
Döwlet edarasy şu möwsümde haja gitmek üçin resminama resmileşdirmegiň möhletiniň eýýäm geçendigini, syýahat kompaniýalarynyň we araçylaryň häzir zerur rugsatnamalary kanuny esasda alyp bilmeýändigini nygtaýar.
Täjik zyýaratçylarynyň ilkinji toparynyň 6-njy maýda, resmi kwotanyň çäginde Saud Arabystanyna ugramagyna garaşylýar.