1-nji awgustda Russiýa Federasiýasy bilen Günbatar ýurtlarynyň arasynda, tussaglaryň alyş-çalyşygy geçirildi. Wladimir Putin tarapyndan günäsi geçilen oppozisiýa syýasatçylary we žurnalistler türmeden boşadyldy, Ýewropada höküm edilen rus ýörite gulluklarynyň agentleri bolsa Moskwa gaýtarylyp berildi. Olaryň arasynda ganhor Wadim Krasikow iň köp seslenme döretdi. Ol Germaniýada çeçen meýdan komandiri Zelimhan Hangoşwilini öldürendigi üçin, ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi. Mundan öň ony syýasatçy Alekseý Nawalnyý bilen çalşylmagynyň mümkindigi aýdylypdy.
Häzirki alyş-çalyşyklar öňkülerden rekord derejede sanlynyň artyklygy bilen tapawutlanýar diýip, OVD-Info proýektiniň aklawçysy Waleriýa Wetoşkina Kawkaz.Realii redaksiýasyna habar berdi. Şuňa meňzeş iň soňky ylalaşyk 2022-nji ýylda Russiýa Federasiýasy bilen Günbataryň arasynda baglaşylyp, amerikaly basketbolçy Britni Graýner rus ýarag satyjysy Wiktor But bilen çalşyldy.
"Alyşmak-çalyşmak gepleşikleriniň nähili alnyp barylýandygy barada maglumat örän az. Bu elmydama haýal proses bolup, oňa köp faktorlar täsir edýär. Owaly bilen syýasy ýagdaý. Beýleki ýurtlar Wladimir Putin bilen gepleşik geçirende, onuň bilen bir zatda ylalaşmak kyn" diýip, ol bilermen belleýär.
Şahslaryň sanawyny düzmek meselesi syýasy häsiýete eýe. Prezident bu ýagdaýda Wadim Krasikowyň yzyna berilmegini gaty isledi diýip, Wetoşkina sözüne goşýar.
Ýurist Dmitriý Zahwatow redaksiýa beren interwýusynda, şeýle alyş-çalyşyklarda hukuk düzgünleriniň ýokdugyny nygtaýar: "Bular elmydama döwletara ylalaşygy, olar dürli ýollar bilen düzgünleşdirilip bilner".
"Tigirli ganhor"
Germaniýadan çalyşylan Wadim Krasikow Içkeriýanyň garaşsyzlygy ugrunda göreşen meýdan komandiriniň öldürilmeginiň yz ýany saklanypdy. Ol 2019-njy ýylyň 23-nji awgustynda Berlin parkynda atylyp öldürildi. Gürjüstanyň raýaty, etniki çeçen Zelimhan Hangoşwili terrorçylykda aýyplanyp, Russiýada gözlenilýänleriň sanawyna girizildi. Öz dogduk mekanynda onuň janyna birnäçe gezek synanyşyk bolansoň, 2016-njy ýylda Germaniýadan başpena sorady. Ony öldüren žurnalistler tarapyndan "tigirli ganhor" diýip atlandyryldy, sebäpli ol öz gurban eden adamynyň arkasyndan barypdyr.
2021-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Berlinde kazyýet Krasikowy adam öldürmekde günäli tapdy we ony ir boşatmazlyk şerti bilen ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi. Kazy bu işi "döwlet terrorizmi" atlandyryp, jenaýaty gurnamakda rus häkimiýetlerini günäkärledi. Barlagçy žurnalistleriniň maglumatlaryna görä, Krasikowyň FSB bilen baglanyşyklydygy aýdyldy.
2019-njy ýylda prezident Wladimir Putin “Normandiýa dörtlüginiň” sammitinden soň geçirilen metbugat ýygnagynda, žurnalistiň soragyna jogap hökmünde, Zelimhan Hangoşwili Moskwanyň metrosyndaky partlamalara (haýsysy barada gürrüň gidýändigini anyklaman) gatnaşdy diýdi we öňki meýdan komandirine näme bolanyny bilmeýändigini nygtady. Şondan birnäçe günden soň Putin Moskwada geçirilen uly metbugat ýygnagynda "ganly ganhor" Hangoşwili barada gürrüň berdi.
2022-nji ýylyň iýun hem dekabr aýlarynda Russiýa ganhor Krasikowy alyş-çalyş sanawlaryna goşmaga synanyşdy: bu karary ABŞ-nyň häkimiýetleri goldadylar, emma Germaniýa edilen jenaýatyň agyrlygy sebäpli ylalaşyga gitmekden boýun gaçyrdy.
2024-nji ýylyň fewralynda prezident Putin ýene Krasikowy ýatlap, bu gezek amerikaly žurnalist Ewan Gerşkowiç bilen çalyşmak barada aýtdy. Şonuň bilen bir wagtda, ilkinji gezek Hangoşwiliniň Moskwanyň görkezmesi boýunça öldürilendigini ýaňzytdy.
"Ýewropa paýtagtlarynyň birinde ony ýok eden watançy tapyldy. Muny ol öz erkine görä etdimi ýa-da ýok, ol eýýäm başga mesele” diýip, amerikaly teležurnalist Taker Karlson bilen eden interwýusynda aýtdy.
Çeçenleriň durmuşy möhüm dälmi?
17-nji fewralda publisist Ýuliýa Latynina syýasatçy Alekseý Nawalnynyň mümkin bolan alyş-çalyşygy barada aýtdy. 18-nji fewralda Germaniýanyň "Bild" neşiri hem şuňa meňzeş maglumaty çap etdi. Ýöne ol çalyşyk Ýamaldaky düzediş koloniýasynda jezasyny çekýän oppozisioneriň ölümi sebäpli başa barmady.
Şonda bu habar çeçen diasporasynyň ýaramaz reaksiýasyna sebäp boldy. Aýratyn hem Nawalnyý syýasy hereketiniň başynda milletçi we Kawaza garşy çydamsyz beýanatlar edipdi.
Rus türmelerinde Içkeriýa garşylyklarynyň köp agzalary otyrlar. Garaşsyzlygy goldaýanlaryň düşünjesine görä, olar uruş ýesirleri, ýöne olary çalyşmaga howlukmaýarlar diýip, Ýewropadaky "Birleşen güýç" Içkeriýa hereketiniň başlygy Jambulat Suleýmanow Kawkaz.Realli saýtyna beren düşündirişinde aýdýar.
"Ganhor Krasikowyň alyş-çalyş sanawyna goşulmagy bu meseläni ýene bir gezek görkezdi – şu gün hem garaşsyz Çeçenistanyň tarapdarlary halkara hukuklarynyň subýekti däl, sesi diňlenilmeli we pikiri nazara alynmalylar ünsden düşürilýär. Biz Kara-Murzanyň we beýleki rus oppozisiýa wekilleriniň boşadylmagyna garşy däl, ýöne bu çeçenleriň we çeçenleriň ganhorunyň hasabyna bolmaly däl" diýip, Suleýmanow aýtdy.
“Günbatar henizem rus oppozisiýasyna we Russiýanyň bitewiligine bil baglaýar. Bu meselede Moskwanyň liberallary çeçenler üçin Putiniň režimi bilen deň gün tertibini öňe sürýärler” diýip, Ukrainanyň goranyşyna gatnaşýan Şeýh Mansur adyndaky meýletin batalýonynyň öňki sözçüsi, bolger Yslam Belokiýew ynanýar.
"Gürrüňsiz, çeçenler, hawa, iş ýüzünde kawkazlylaryň aglabasy, rus oppozisiýasyna garşy has-da güýçli durýarlar. Diňe "özleriniňkini" halas edýärler. Näme sebäpden Inguşystan protestleriniň ýolbaşçylary, Nawalnynyň tarapdarlarynyň ýygnanyşygynda çaknyşyga giren Abdulmumin Gajyýew, Zarema Musaýewa ýa-da Jumaýew alyş-çalyş sanawlaryna goşulmady?” diýip, Belokiýew aýdýar.
Belokiýew rus oppozisiýasynyň eýýäm erkinlikde we hatda saýlawlara gatnaşýan wagty Demirgazyk Kawkazdan bolan ýüzlerçe we müňlerçe ýerli ýaşaýjylaryň – ýaragly garşylyga gatnaşyjylaryň, ýasama işler esasynda köp ýyl alan adamlaryň ençeme ýyllap türmede oturandygyny nygtaýar.
“Krasikowyň boşadylmagy baradaky maglumat lapykeçlik döredýär, ýöne geň däl” diýip, Gürjüstanyň Pankisi jülgesinde ýaşaýan çeçen žurnalisti we jemgyýet aktiwisti Sulhan Bordzgor aýdýar.
"Biz çeçenleriň durmuşynyň diňe bir Russiýada möhüm däldigini hemişe duýýarys. Eger Berlinde bir fransuzy, nemesi ýa-da Ysraýylyň graždanyny aç-açan öldürilen bolsalar, ganhory çalyşmak uly kynçylyk dörederdi. Men hiç kimiň ganhory ýöne şeýle çalyşmajakdygyna 90% ynanýaryn" diýip, ol aýdýar.
Hangoşwiliniň dul galan aýaly Manana (Raisa) Siatiýewa Kawkaz.Realii neşiriniň habarçysy bilen eden gürrüňçiliginde, nemes häkimiýetleriniň ol öldürilenden soň, maşgalasyna hiç hili gynanç bildirmändigini, çalyşyk barada merhumyň garyndaşlarynyň žurnalistlerden bilendigini aýtdy.
"Ganhoruň şeýle çalt boşadyljakdygyny göz öňüne-de getirip bilmedim. Kazyýet kararyndan biraz wagt geçensoň, şeýle teorik mümkinçilik ara alnyp maslahatlaşyldy, ýöne aklawçylar onuň ýeterlik wagt oturjakdygyna ynandyrdylar. Alyş-çalyşyň amala aşyrylandygy bolsa, ejir çekenleriň pikiriniň nemes häkimiýetleri üçin möhüm däldigini görkezýär. Bu aýratynam adam hukuklarynyň hormat goýulýan, ösen ýurtda ýaşaýan diýip hasap eden ýeriňde agyr degýär” diýip, Hangoşwiliniň aýaly aýdýar.
Siatiýewa bu “putin nökerleriniň" diňe biri bolsa-da, Wadim Krasikowy boşatmak wadasynyň iň ýokardan berlendigini çak edýär. Onuň pikiriçe, alyş-çalyşda syýasy taýdan Orsýet utupdyr, Germaniýa bolsa gowşaklygyny görkezipdir.
"Haçan-da, mafiýa ýa-da parahor topar ylalaşyga gelende, käbir wadalary berjaý etmeli. Krasikow öz borjuny saklady, ol tutuş prosesiň dowamynda, Putiniň wepaly iti bolup, bir söz hem aýtmady. Belki-de şonuň üçinem mafiýa ylalaşygy berjaý edilendir" diýip, Siatiýewa sözüniň jeminde aýtdy.
Frankfurter Allgemeine Zeitung gazeti häkimiýetleriň Wadim Krasikowy boşatmak baradaky kararyndan, federal prokuraturanyň "lapykeç" bolandygyny habar berdi. Bu gelnen karara Germaniýanyň hökümeti tarapyndan hem düşündiriş berildi: "Federal hökümeti bu karary köp ara alyp maslahatlaşman kabul etmedi. Bize Germaniýanyň raýatlaryny goramak borjumyz we ABŞ bilen raýdaşlygymyz möhüm sebäp boldy”.
Terrorçy döwletiň zamunlary
Şeýle uly alyş-çalyşyklar çalyşmak fonduna goşup bolýanlar toplanan mahalynda ýüze çykýar. Gerşkowiçiň soňky gussaly işleri we Azatlyk Radiosynyň tatar-başgyrt gullugynyň žurnalisti Alsu Kurmaşewanyň ýagdaýy Orsýetiň gepleşikler geçirilende, Kremliň pozisiýasyny pugtalandyryp biläýjek, Günbatar üçin täsirli adamlary bilgeşleýin tussag edýändigini görkezdi diýip, Pragadaky Çarlz uniwersitetiniň Sosial ylymlary fakultetiniň işgäri, syýasatçy alym Dmitriý Dubrowskiý hasaplaýar.
"Rus ýolbaşçylary özüni terrorçylar ýaly alyp barýarlar. Bu ýerde biz aklawçy Ilýa Nowikow bilen ylalaşmaly bolýarys, şeýle alyş-çalyşyklyk Putine daşary ýurtlardaky beýleki syýasatçylary-da öldürmäge itergi berip biler. Sebäbi Kreml ganhorlary mynasyp jezasyny çekmezden, birnäçe ýylyň içinde rus graždanlaryna we syýasy aktiwistlerine çalşyrylyp bilner. Bu bolsa döwlet terrorçylygynyň eden-etdilikli tejribesine göz ýummak” diýip, ekspert belleýär.
Dubrowskiý bu ylalaşygyň ýene bir aýratynlygy barada aýdýar; syýasy tussaglaryň maşgalalary we aklawçylary birnäçe günläp aýraçylykda saklanypdyr, boşadylanlaryň käbiri "ylalaşyga razy bolmajak eken", mysal hökmünde alym syýasatçy Ilýa Ýaşiniň sözlerine salgylanýar, ol “Dožd” kanaly bilen eden interwýusynda koloniýada, alyş-çalyş edilmeginden, gös-göni boýun gaçyrypdyr.
Alyş-çalyş edilen rus syýasy tussaglarynyň arasynda “Memorial” adam hukuklary merkeziniň egindeş başlygy, häzirki Russiýada adam hukuklaryny goraýjylaryň iň hormatlanýanlaryndan biri Oleg Orlow hem bar. Ol 90-njy ýyllarda uruş gaplap alan Çeçenistanda ýesirleri alyşmak gepleşiklerine işjeň gatnaşyp, Budýonnowskyda bolan terrorçylykly hüjüm döwründe, özüni meýletin ýesirlige berdi. Kawkaz.Realii websaýtyna beren interwýularynyň birinde Orlow rus syýasy režiminiň özgermeginiň hut Kawkaz urşundan başlandygyny belläpdi.
Iň uly alyş-çalyşygyň sanawyna 19 ýaşly Kewin Lik hem goşuldy. Ol Germaniýada doglupdy, ýöne maşgalasy bilen Russiýa göçüp geldi hem Adygeýde ýaşady. Respublikanyň Ýokary kazyýeti ony "döwlete dönüklikde" aýyplap, dört ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Lik şu madda boýunça iş kesilen iň ýaş tussag boldy.
- Russiýadan daşarda ýaşap, Çeçenistanyň ýolbaşçylaryny tankytlaýanlar gaýta-gaýta ölüm synanyşygyna duçar boldular. Olaryň birnäçesi beladan gutulyp bilmedi. 2017-nji ýylyň sentýabrynda Kiýewde çeçen zenany Amina Okuýewa atylyp öldürildi. Şondan birnäçe gün soň Kiýewde Gürjüstanyň raýaty, asly çeçen bolan Timur Mahauri partlama duçar boldy. 2009-njy ýylyň ýanwarynda Wenada Kadyrowyň öňki goragçysy Umar Israilow atylyp öldürilýär. 2004-nji ýylyň fewralynda Katarda Içkeriýanyň ozalky wise-prezidenti Zelimhan Ýandarbiýew partlama uçrady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum