Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazada kömek üçin “taktiki arakesme” yglan edildi


Ysraýyl harbylary 16-njy iýunda ysraýyl goşunynyň günorta ýolunda, gündizki söweş wagtynda "taktiki arakesme" yglan edeninden soň, BMG-niň Palestina topragyndaky açlyk barada gaýta-gaýta beren duýduryşlaryndan yz ýany, Gazada ençeme aýda ilkinji gezek asudalyk döredi.

"Şu gün, öňki günler bilen deňeşdirilende, Gurban baýramynyň ilkinji güni degişlilikde asudarak hasaplanýar we Gazanyň ähli ýerinde asudalyk höküm sürýär" diýip, Gazadaky raýat goranmak gullugynyň metbugat wekili Mahmud Bazal AFP habar gullugyna aýtdy.

Ýöne ol käbir kadadan çykmalaryň hem bolandygyny, Gaza şäheriniň Şujaýa we Zeitun etraplarynda "nyşana almalaryň” bolandygyny, şeýle-de, Ysraýylyň Rafa tarap top oklaryny atandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG