Gazagystanyň Türküstan welaýatynyň Özbegistan bilen serhedindäki “Bawyržan Konysbaýew” geçelgesiniň golaýynda ýük ulaglarynyň birnäçe gün bäri dowam eden uzyn nobaty gysgaldy. Bu barada Gazagystanyň Döwlet girdejileri komitetiniň žurnalistiň sowalyna beren jogabyna salgylanyp, inbusiness.kz saýty 23-nji noýabrda habar berdi.
Mundan öň sosial mediada Gazagystan bilen Özbegistanyň serhediniň golaýynda 40 kilometre uzan ýük ulaglarynyň nobatyny görkezýän wideo ýaýrapdy.
“Ýaýraýan wideonyň bir hepde ozal düşürilendigini we häzirki ýagdaýy görkezmeýändigini bellemek gerek. Häzir ‘B. Konysbaýew’ geçelgesiniň öňünde 300-e golaý ýük ulagy dur. Bu bir günüň dowamynda Özbegistana geçirilmegi meýilleşdirilýän ulaglaryň sany. Gazagystandan Özbegistana günde ortaça 700-den gowrak ýük ulagy geçýär” diýip, Döwlet girdejileri komiteti inbusiness.kz saýtyna beren jogabynda aýtdy.
Gazagystan bilen Özbegistanyň serhedindäki “Bawyržan Konysbaýew” geçelgesi Hytaýdan Merkezi Aziýa we Eýrana ýük daşalýan esasy üstaşyr ugurlaryň birinde ýerleşýär. Bu geçelgäniň golaýynda ýük ulaglarynyň onlarça kilometre uzap gidýän nobatda saklanyp galandygy barada öňem habarlar bolupdy.
Özbegistanyň habar serişdeleriniň maglumatyna görä, 2026-njy ýylyň ilkinji on aýynda Gazagystan bilen serhetden geçýän ýükleriň möçberi 16 göterim artdy.
Azatlyk Radiosynyň Eýran gullugy, ýagny Radio Fardanyň habar bermegine görä, Eýran-Hytaý söwda palatasynyň başlygy Majidreza Hariri deňiz gatnawyna girizilen çäklendirmeler sebäpli gury ýerden ýük daşamagyň artandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, sebitiň gümrük we üstaşyr gatnaw ulgamlary beýle möçberdäki ýüki geçirmäge taýýar däl.
Tähranyň Söwda palatasynyň ulag komissiýasynyň başlygy Peýman Sanandaji serhetdäki dyknyşygyň diňe eýranly ýük daşaýjylara degişli bolman, tutuş sebite mahsus meseledigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, 20-nji noýabrda geçelgede bary-ýogy 100 ýük ulagy nobata garaşýardy. Ol Özbegistanyň we Türkmenistanyň üsti bilen gatnaýan eýranly ýük ulaglarynyň gümrükde kynçylyklara we päsgelçiliklere duçar bolandygyny hem tassyklady.
“Kazinform” habar agentligi Gazagystan bilen Özbegistanyň serhedindäki 40 kilometrlik nobat barada 13-nji noýabrda çap eden habarynda Döwlet girdejileri komitetiniň bu dyknyşygy nähili düşündirendigini ýazdy. Komitetiň aýtmagyna görä, halkara ýük daşamalarynyň möwsümleýin artmagy we Gazagystanyň ulag hem-de logistika ugurlaryna gyzyklanmanyň ýokarlanmagy ýurduň çäginden geçýän üstaşyr ýük gatnawynyň yzygiderli köpelmegine getirýär.
Forum