Gyrgyz we rus metbugatynyň habaryna görä, gazak häkimiýetleri Gyrgyzystanyň raýaty Alina Gorşeninany Russiýanyň talaby esasynda tussag etdi.
29 ýaşly ýalňyz ene, habarlarda aýdylmagyna görä, Moskwada 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň tussag edilmegini buýran kazyýet diňlenişigine gatnaşyp, kazy Ýelena Morozowa we prokuror Ýelene Koloskowa haýbat atmakda aýyplanýar.
Gorşeninanyň ejesi Larisa Gorşeninanyň "Nowosti Bişkeka" gazetine aýtmagyna görä, onuň gyzy 1-nji iýunda Gyrgyz-Gazak serhet geçelgesinde tussag edilipdir.
Gazak häkimiýetleri bu ýagdaý barada häzire çenli hiç bir düşündiriş bermedi.