16-njy maýda Gazagystanyň paýtagty Astanada howpsuzlyk gulluklary aktiwist Aýdar Syzdykowy, belli edilmedik aýyplamalar esasynda, sakladylar. Syzdykowyň aýaly Aýgul Tokpaýewa Spetsnaz ofiserleriniň ýoldaşyny öýünden äkidip barýan wideolaryny paýlaşdy.
Tokpaýewa adamsynyň ýagdaýyndan habar tutmak üçin polisiýanyň edarasyna gidendigini, emma goňşularynyň polisiýanyň öýlerini döküp başlandygyny habar bereninden soň, yzyna – jaýlaryna tarap howlugandygyny aýtdy.
Soňy bilen öýden çykyp barýan howpsuzlyk gulluklary, bu ýagdaýlary wideo alyp duran Tokpaýewanyň edlindäki telefonyny hem almaga synanyşdylar. Olar özleriniň neşä-garşy bölümiň işgärleridigini aýdypdyrlar.
Syzdykow hasaba alynmadyk “Algha, Qazaqstan” (“Öňe, Gazagystan”) atly oppozision partiýanyň aktiwistidir.