Pekin öz serhetlerinden daşarda hem "millet agzybirligini bozýan" adamlary yzarlamagy giňeltjekdigini duýdurýan mahaly, goňşy Gazagystanda ýaşaýan Hytaýda doglan musulman türki halklaryň wekilleri basyşyň artýandygyny duýýarlar.
Üns merkezinde Hytaýyň täze kabul edilen "Millet agzybirligi baradaky kanuny" dur. Bu kanun 1-nji iýuldan güýje girdi we BMG hem-de Ýewropa Bileleşigi tarapyndan tankyt edildi. Kanun etnik azlyklary han hytaý medeniýetini kabul etmäge hem-de jemgyýetçilik durmuşynda hytaý dilini ileri tutmaga mejbur edýär.
Şu aýyň başynda Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň wekili Guo Jiakun täze kanunyň "kanunyň hökmürowanlygyny güýçlendirjekdigini" we ýurduň resmi taýdan ykrar edilen 56 etnik toparynyň hukuklaryny "has gowy gorajakdygyny" aýtdy. Emma ol bu sözlerini jikme-jik düşündirmedi.
Ýöne kanuna garşy çykýanlar, Pekiniň daşary ýurtlardaky adamlary hem yzarlamaga hukugynyň bardygyny görkezýän maddanyň, beýleki döwletlere syýasy we ykdysady täsirini ulanyp, daşary ýurtlarda ýaşaýan hytaýlylaryň tankydy seslerini dymdyrmak üçin bahana boljakdygyny aýdýarlar.
Gazagystanda ýaşaýan, adynyň aýdylmagyny islemeýän hytaýly adam hukuklaryny goraýjy Azatlyk Radiosyna beren beýanatynda täze kanunyň Pekine daşary ýurtlardaky etnik azlyklara basyş etmegi "aklamak we güýçlendirmek üçin has uly mümkinçilik berjekdiginden" alada edýändigini aýtdy.
Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň bellemegine görä, Hytaý uzak wagt bäri Şinjan sebitindäki uýgurlary, gazaklary, gyrgyzlary we beýleki esasan musulman türki halklary giň gerimli tussag etmeler we repressiýalar bilen ýüzbe-ýüz edýär.
Tussag lagerleriniň ilkinji subutnamalary 2017-nji ýylda ýüze çykdy. Bu çäre Hytaýyň Prezidenti Si Szinpin tarapyndan başlanan "Zorlukly terrorçylyga garşy berk göreş kampaniýasynyň" bir bölegi boldy. ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň hasabatyna görä, şondan bäri 1 milliondan gowrak adam esassyz ýagdaýda lagerlere ýerleşdirildi.
BMG-niň 2026-njy ýylyň aprel aýyndaky ýörite hasabatynda täze kanunyň Hytaýdaky azlyklaryň hukuklaryna zyýan ýetirip biljekdigi aýdylýar. Hasabata görä, kanun ýurduň ähli sebitlerinde etnik gatnaşyklara "birmeňzeş çemeleşmäni" berkidýär.
Pekin bolsa BMG-niň we Ýewropa Bileleşiginiň tankytlaryny "ýaman niýetli töhmet" hem-de Hytaýyň içerki işlerine gatyşmak synanyşygy diýip häsiýetlendirdi.
Gazak hukuk goraýjysy täze kanun güýje girmezinden öň hem, ýerli häkimiýetleriň basyşy sebäpli Hytaýdaky garyndaşlarynyň onuň bilen habarlaşmakdan gorkandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, döwlet howpsuzlyk gulluklary garyndaşlaryny birnäçe gezek soraga çekipdir.
Ol şeýle hem täze kanun sebäpli "Hytaýdaky hakyky adam hukuklary ýagdaýyny halkara jemgyýetçiligine ýetirmek mümkinçiligimiziň düýpli azaljakdygyny" we munuň netijesinde köp hukuk bozulmalarynyň hasaba alynman galyp biljekdigini aýtdy.
Şinjandaky lagerlerden aman galyp, häzirki wagtda Gazagystanda ýaşaýan Nurlan Kökteubai Pekiniň esasy maksadynyň "ol ýerdäki musulman halklarynyň kimligini, dinini we dilini ýok edip, olary bitewi hytaý milletine siňdirmekdigini" aýtdy.
Ol daşary ýurtda ýaşaýandygyna garamazdan, hemişe hytaý häkimiýetleriniň özüni yzarlamagyndan gorkýandygyny we serhediň aňyrsyndaky garyndaşlary bilen aragatnaşygyny doly ýitirendigini aýtdy.
Hytaýyň Gazagystandaky täsiriniň artmagy
Adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda Hytaýyň Gazagystandaky syýasy we ykdysady täsiriniň güýçlenmegi serhetara repressiýalar üçin has köp mümkinçilik döretdi.
Gazagystan Russiýa garaşlylygyny azaltmaga synanyşýan döwründe Pekin bilen gatnaşyklary aýratyn ähmiýete eýe boldy. Hytaýyň Gümrük baş müdirliginiň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň awgust aýynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy geçen ýyl bilen deňeşdirilende 5,7 göterim artyp, 30 milliard dollardan geçdi.
Şu ýyl Şinjanda ýiten adamlaryň maşgalalaryny goldaýan, resmi taýdan hasaba alynmadyk ‘Naghyz Atajurt’ guramasy bilen baglanyşykly 19 aktiwiste "milletara duşmançylygy öjükdirmek" aýyplamasy bilen iş gozgaldy. Bu iş 2025-nji ýylyň noýabrynda Gazagystan-Hytaý serhedindäki Galžat obasynda geçirilen Hytaýyň tussag syýasatyna garşy geçirilen demonstrasiýadan soň başlandy.
‘Human Rights Watch’ we ‘Amnesty International’ guramalary bu kazyýet işiniň hukuk esaslaryny tankyt etdiler.
Azatlyk Radiosynyň alan maglumatyna görä, Almatydaky Hytaý konsullygynyň Gazagystanyň Daşary işler ministrligine iberen haty bu kazyýet işiniň esaslarynyň biri bolupdyr. Hatda demonstrasiýa Hytaýyň "mertebesine garşy açyk prowokasiýa" hökmünde häsiýetlendirilip, Gazagystan häkimiýetlerinden meseläni "çynlakaý derňemek" talap edilipdir.
Höküm edilen demonstrantlaryň biriniň aýaly Oralhan Aben täze kanun barada şeýle diýdi: "Hytaýda galan garyndaşlarym we ýakynlarym üçin örän alada edýärin. Şeýle hem häzirki wagtda Gazagystanda ýaşaýan biziň özümiziň hem uly howp astyndadygymyza ynanýaryn, sebäbi Hytaý hökümeti Gazagystanda hem öz täsirini dowam etdirýär".
Onuň adamsy Tursynbek Kabiuly noýabr aýyndaky protest sebäpli bäş ýyl azatlykdan mahrum edildi we üç ýyllyk möhlete syýasy iş bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edildi.
Astana bilen Pekiniň gatnaşyklary ýakynlaşdygyça, serhetara basyşyň hem güýçlenmegi baradaky aladalar artýar.
18-nji maýda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Merkezi Aziýa ýurtlaryny Pekin bilen hukuk goraýjy edaralaryň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmäge çagyrdy. Merkezi Aziýa we Hytaýyň içeri işler hem-de jemgyýetçilik howpsuzlygy ministrleri bilen geçirilen duşuşykda Tokaýew internet arkaly ekstremistik pikirleriň ýaýramagynyň we terrorçylyk toparlaryna adam çekmegiň öňüni almak üçin has çuň hyzmatdaşlygyň zerurdygyny aýtdy.
Täze kanunyň täsiri diňe Gazagystan bilen çäklenmeýär, ol dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan diaspora jemgyýetlerine hem degýär. Mýunhende ýerleşýän Bütindünýä Uýgur Kongresiniň wise-prezidenti Zümret Arkin täze repressiýa tapgyrynyň Hytaýyň halkara arenasyndaky ynamynyň artandygyny görkezýändigini aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Hytaý muny jezalandyrylmakdan gorkman hereket edip bilýändigi üçin edýär, “sebäbi soňky on ýylyň dowamynda halkara jemgyýetçiligi uýgurlary gorap bilmedi." Ol sözüniň ahyrynda: "Diasporadaky adamlar üçin bu örän garaňky döwür" diýdi.
Kolin Hud Pragada ýerleşýän Azatlyk Radiosynyň tejribeçisidir. Ol Gündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada Hytaýyň daşary syýasaty boýunça işleýär. Şeýle hem Çarlz uniwersitetinde Merkezi Aziýanyň awtoritar syýasy ulgamlary boýunça magistratura okuwyny dowam etdirýär. Ol Kembrij uniwersitetini slawýan öwrenişi hünäri boýunça tamamlady.
Forum