Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda bir raýat 'daşary ýurtlardaky ýaragly çaknyşyklara gatnaşanlygy üçin' alty ýyl türme tussaglygyna höküm edildi

Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Demirgazyk Gazagystan welaýatynyň ýaşaýjysy “daşary ýurtlardaky ýaragly çaknyşyklara gatnaşanlygy üçin” alty ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Bu barada “KazTAG” habar agentligi 25-nji fewralda habar berdi.

Gyzylžar etrap sudunyň höküminde şeýle diýilýär: “Gazagystan Respublikasynyň Jenaýat kodeksiniň 172-nji maddasy boýunça günäli hasaplanyp, alty ýyl türme tussaglygyna höküm edilsin”. Höküm 2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda çykaryldy.

Sud resminamalaryna görä, 25 ýaşly Ýewgeniý Lýuft 2025-nji ýylyň fewral aýynda Petropawlowskdan Russiýa gidipdir. Ol Russiýanyň Goranmak ministrligi bilen bir ýyllyk şertnama baglaşyp, söweş zolagyna gidipdir.

2025-nji ýylyň fewral we aprel aýlary aralygynda Lýuft Ukrainanyň Ýaragly Güýçlerine garşy söweş operasiýalaryna gatnaşypdyr. Aprel aýynda ol mina partlamasyndan ýaralanyp, bejergi alypdyr. Soňra ol harby bölümini rugsatsyz terk edip, Gazagystana gaýdyp gelipdir we ol ýerde tussag edilipdir.

Sudda Lýuft özüne garşy aýyplamalary ret etdi we Russiýanyň raýatydygyny aýtdy. Şol bir wagtda, höküme görä, ol söweşe gatnaşandan soň, ýagny 2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Russiýanyň raýatlygyny alypdyr.

Höküm heniz kanuny taýdan güýje girmedi.

Gazagystanyň kanunlaryna laýyklykda, gazak raýatlarynyň daşary ýurtlardaky ýaragly çaknyşyklara gatnaşmagy jenaýat hasaplanýar. Mundan ozal, Gazagystanda Ukrainadaky urşa gatnaşan gazak raýatlary höküm edilipdi.

XS
SM
MD
LG