Gazagystanda garagalpaklaryň diasporasynyň lideri Niýetbaý Urazbaýew ýurduň iň iri şäheri Almatynyň hassahanasynda ýogaldy. Urazbaýew Özbegistanyň Garagalpagystan sebitinde 2022-nji ýylyň iýulynda ozal görlüp-eşidilmedik gerimde geçirilen protestleri goldanyndan soň, gaýybana 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.
Garagalpak aktiwisti Akylbek Muratbaýyň 9-njy ýanwarda beren maglumatyna görä, Urazbaýew ýüregindäki tutgy sebäpli, 54 ýaşynda ýogalypdyr.
Urazbaýew özüniň dogduk Özbegistanyň Garagalpagystan Awtonom Respublikasyny 2004-nji ýylda terk etdi. Ol muny özüniň adam hukuklary aktiwizmi üçin abanyp biljek howplar sebäpli amal etdi.
Urazbaýew şondan bäri Gazagystanyň günbataryndaky Mangystau sebitinde ýaşaýardy.
Soňky aýlarda, ol özbek gizlin gulluklarynyň ony alyp gaçmak howatyrlary sebäpli, Almatyda gyzynyň öýünde bolýardy.